Durnukly ösüş we özara bähbitli hyzmatdaşlyk

7 Dekabr 2021
1093

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baky Bitarap Watanymyz durnukly ösüş we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýoly bilen öňe ilerleýär. Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýurdumyzyň dünýä derejesinde energetika döwleti bolmagy bilen bagly mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň uly geljegi bar. ýangyç-energiýa serişdelerine, esasan hem, tebigy gaza baý bolan Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini täze bazarlara çykarmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, energiýa serişdelerini dürli ugurlar boýunça dünýä bazaryna çykarmak barada örän uly tagallalar edilýär. Bu işler ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategik ähmiýete eýedir.

Türkmenistan garaşsyz bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda ykrar edilýär. Ýurdumyzda gaz serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär. Milli Liderimiziň energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen köpugurly turba geçirijiler düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär.

Ogultäç BALAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar