Dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

10 Dekabr 2021
982

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapyp, kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň tutuş türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine mähirli sözlerini aýtdy we türkmen-rus gatnaşyklarynyň durnukly ösdürilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň ýolbaşçysy gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan hem-de strategik häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, möhüm ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar soňky wagtda ösüşiň oňat depgini bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwletara, hökümetara hem-de beýleki derejedäki gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin şertleri üpjün edýär. Bu bolsa häzirki döwrüň ýagdaýyny we geljekki meýilnamalary nazara alyp, özara gatnaşyklaryň döwrebap görnüşlerini işläp taýýarlamaga ýardam berýär.

"Nesil".
Beýleki habarlar