Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy: ýagty geljege bilelikde (Ýaş žurnalistiň sözi)

3 Dekabr 2021
1222

Gündogarda «Goldaşan gol ýük göterer» diýen aýtgy meşhur. Danalyk bilen çuňňur oýlanyşykly aýdylan söz. Häzirki zamanda — XXI asyrda goldaşmak, arkalaşmak we jebisleşmek, tagallalary birleşdirmek adamzady pikirlendirýän meseleleri çözmegiň möhüm talaby dälmi, eýsem?! Ýadyňyzda bolsa, bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň awgust aýynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda: «Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur» diýip nygtapdy. Milli Liderimiz şeýle garaýşy indi başga meýdançada — 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde: «Soňky iki ýyl hemmeler üçin uly synag döwri boldy. Ol ýa-da beýleki döwletiň ýekelikde, özbaşdak pandemiýa garşy göreşde diňe wagtlaýyn üstünlik gazanyp biljekdigi örän çalt we aýdyň ýüze çykdy» diýmek bilen, özara tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny delillendirip beýan etdi. Munuň özi «Geljege bilelikde» şygary bilen geçirilen sammitiň çäklerinde ählumumylaşan meseleleriň dürli ugurlary boýunça öňe sürlen teklipleriň we gazanylan ylalaşyklaryň gurama agza döwletleriň çäklerinden-de giň çygyrlara ýaýrap, sebit möçberinden hem çykmak bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň ösüş bähbitlerine sepleşýändigini hemmelere aýdyň görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, 28-nji noýabrda — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde türkmen paýtagty Aşgabatda bina edilen köpugurly işewürlik merkezli täze «Garagum» otelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti üstünlikli geçirildi. Sammitiň gün tertibinde köp sanly häzirki zaman meseleleriň çözgüdine, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmeklige we iri taslamalary amala aşyrmaklyga aýratyn üns berildi. Duşuşykda strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyk beýan edilen möhüm resminamalara gol çekildi. Onuň ýokary derejede geçirilmegi hem-de milli Liderimiz tarapyndan täze teklipler bilen baýlaşdyrylmagy bolsa, Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti hökmünde gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmak üçin açykdygyny subut etdi.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
«Nesil».
Beýleki habarlar