Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär

4 Dekabr 2021
1372

Golaýda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan üstümizdäki ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine we özara hyzmatdaşlykda öňde durýan wezipelere bagyşlanan brifing geçirildi. Oňa Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň ýurdumyzda hereket edýän ilçihanalarynyň wekilleri, guramanyň ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalarynyň işgärleri, ýerli metbugat hem-de internet neşirleriniň, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Brifingiň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso hem-de wekilhananyň birinji geňeşçisi Renata Wrubel çykyş edip, bu gurama bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, bilelikdäki taslamalary, şol sanda ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri barada giňişleýin durup geçdiler. Renata Wrubel 2027-nji ýyla çenli döwür üçin hyzmatdaşlygyň täze maksatnamasyna seljerme berip, golaýda Türkmenistanyň Hökümeti, halkara maliýe düzümleri, raýat jemgyýetçiliginiň hem-de işewür toparlaryň wekilleri bilen degişli maksatnama boýunça geňeşmeleri geçirendikleri barada aýtdy.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar