"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Täzelik

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde işler ýokary guramaçylykly dowam edýär. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynyň önümçilik meýilnamasy 101,1 göterim berjaý edildi. Geçen on bir aýda kärhana boýunça 47 müň 200 tonna un öndürmek meýilleşdirilipdi. Bu görkeziji 47 müň 680 tonna ýetirildi. Şeýle-de ýarma önümleriniň 4 müň 986 tonnasy öndürildi. Onuň 3 müň 656 tonnasy tüwi, 1 müň 330 tonnasy bolsa bugdaý ýarmasydyr. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 43 million 169 müň 544 manatlyga deň boldy. Ösüş depgini 100,9 göterime barabar boldy.

Sürüm guramaçylykly barýar

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri gowaça hasylyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirýärler. Ýerleri geljekki hasyl üçin ekişe öz wagtynda taýýarlamakda häzirki meýdan işleriniň ähmiýetiniň uludygyna oňat düşünýän daýhanlar sürümiň ýokary hilli alnyp barylmagyna jogapkärli çemeleşýärler. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynyň sürüm işleri has guramaçylykly ýola goýlupdyr. Sürümde ýokary öndürijilikli traktorlariň bökdençsiz işledilmegi gazanylýar. Bu ugurda tejribeli mehanizatorlaryň çekýän tutanýerli zähmeti aýratyn bellärliklidir.

Finlýandiýada dänesiz, emeli kofe ýasaldy

Fin alymlary barlaghana şertlerinde kofe agajyndan kofe öýjügini döretdiler. Alymlaryň bellemegine görä, emeli usul bilen döredilen kofäniň tagamy 80 göterim adaty kofäniň tagamyny berýär. Bu synag Fin döwlet ylmy-barlag merkeziniň (VTT) alymlary tarapyndan üstünlikli geçirildi. Täze önüm «Beanless Coffee» adyny aldy. Seljeriş işiniň ýolbaşçysy Haýko Rişer: «Şeýle kofe taýýarlamak üçin birnäçe täze tehnologiýalar gerek bolar. Sebäbi kofe lazer şöhleleri arkaly gowrulýar» diýip düşündirýär. Synagyň şowly geçendigine garamazdan, täze önüme azyk önüminiň derejesi alynýança 4 ýyl töweregi wagt gerek bolar. Alymlar bolsa emeli kofäniň önüm öndürijilerde uly gyzyklanma döretjekdigine umyt edýärler.

Ene ýerden döwlet tapan

Gojaman Jeýhunyň sag kenaryny etekläp oturan Hojambaz etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hatam Babanyýazow ýaşdygyna garamazdan, obada «ýeriň dilini tapýan» daýhanlaryň hatarynda tanalýar. Ol ata kesbini ýöredip, üstümizdäki ýylda 30 gektar bugdaý ýerinden 140 tonna galla, 15 gektar gowaça meýdanyndan 60 tonna «ak altyn», 6 gektar şaly meýdanyndan hem 40 tonna hasyl ýygnamagy başardy. Ol mundan başga-da bugdaýdan boşan meýdanlara künji, dary, mäş, mekgejöwen ýaly aralyk ekinleri ekýär. Eklenç çeşmesini ene ýerden, päk zähmetden tapan Hatama we onuň maşgalasyna daýhançylykdan döwlet tapan diýsek ýalňyşdygymyz bolmaz.

Ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant

ZÄHMETDEN RYSGAL TAPAN “Zähmet soňy — rehnet” diýip, abadan durmuşyň, bereket-bolçulygyň gözbaşynyň halal zähmetdedigini ündän parasatly danalarymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän döwürdeşlerimiz çekýän päk zähmetleriniň hözirini görüp, eşretli günleriň saýasynda sapaly durmuşda ýaşaýarlar. Bolelin ýaşaýşyň düýp özeniniň zähmetdedigine, ýerdedigine, suwdadygyna gowy düşünip, dürli görnüşli ekinlerden bol hasyl almagyň ussady bolup ýetişen telekeçiniň biri-de Sakarçäge etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň Mawy-Teber obasynyň ýaşaýjysy Serdar Nepesowyň agzybir maşgalasydyr. Hususy mellek ýerinde döwrebap ýyladyşhanalarda dürli ekinleri ekip, päk zähmeti bilen bol hasyl almagy özlerine kesp-kär edinen bu janypkeş maşgala agzalary sanlyja ýylyň içinde “Uzadan ýerine eli ýetýär” diýilýän maşgala boldy.

Gant şugundyry ýygnalýar

Welaýatymyzyň daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň ekerançylary bugdaýyň, pagtanyň bereketli hasyllaryny ýetişdirmek bilen birlikde ýylyň aralyk ekini bolan gant şugundyrynyň köp mukdaryny öndürmekde hem tapawutly netijeleri gazanýarlar. Bu datly önümi Baýramaly etrabynyň ýer eýeleri-de göz öňünde tutulan tonnalardan has köp kemala getirýärler. Ýurdumyzyň her bir şanly toý-baýramlaryny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýan işeňňir adamlar şu günler gant şugundyryny ýygmaklygy guramaçylykly dowam etdirýärler. Etrabyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň golaýynda hasylyň 2-nji kabul ediş nokady ýerleşýär. Onuň baş çekimçisi Nurmyrat Seýidowyň aýdyşy ýaly, bu ýere etrabyň gant şugundyryny ýetişdirýän daýhan birleşiklerinden hem-de daýhan hojalyklaryndan ýygylýan hasyl tabşyrylýar. Onuň gündelik kabul edilýän möçberi 200 tonna barabar bolýar. Bu ýerde daýhanlaryň getiren datly önümi ýük terezisinde ölçenilip, onuň eýelerine doly maglumatlar gowşurylýar. Nokada tabşyrylan hasyl bolsa günübirin “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zawodyna daşalýar. Önümi daşamakda bu kärhananyň kuwwatly ýük awtoulaglary bökdençsiz işledilýär. Gant şugundyryny köp tabşyrmakda “Täze ýol”, “Türkmenistan”, “Täze durmuş” da

Maldarlaryň gyş aladalary

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Gyş möwsüminde üýtgäp durýan howa şertleri bilen baglylykda maldarlaryň jogapkärçiligi artýar. Bäherden etrabynyň maldarlary hem bu gün mallary dok we ýyly gyşlatmagy gazanýarlar. Etrabyň maldarlarynyň gyş üçin tomus paslyndan başlap ýeterlik ätiýaçlyk ot-iým gorlaryny döretmekleri we beýleki taýýarlyk işleri möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu günler etrabyň dowarlaryny gyşlatmak Merkezi Garagumuň gyş döwründe amatly bolan ýaýlalarynda geçirilýär. Mallar üçin oňaýly örüleriň saýlanyp alynmagy, daýhan birleşikleri tarapyndan çarwalaryň hal-ýagdaýlary bilen günde-günaşa gyzyklanyp durulmagy mallaryň oňat hilli gyşlamagyna uly ýardam berýär.

Oba hojalygy ylmy taýdan kämilleşdirilýär

Häzirki döwürde ýurdumyzda oba hojalyk ekinleri bolan däneçilik we pagtaçylyk bilen bir hatarda, gök ekerançylyk, miweçilik, bakjaçylyk, şol sanda üzümçilik, bagçylyk ýaly ekinler halkymyz üçin esasy azyk çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de,hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ekerançylykda tohumçylygyň hil derejesini ýokarlandyrmakda, ekologiýa taýdan arassa azyk bolçulygyny döretmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Agrosenagat pudagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýar. Şol sebäpden ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleriniň oba hojalygyny ylmy taýdan ösdürmek babatda alyp barýan işleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleriniň goşýan goşandy uludyr. Tohumçylyk işini alyp barmak, ekerançylyga edilýän agrotehniki idegleri kämilleşdirmek, suwaryş ulgamynda täzeçil usullary synagdan geçirmek, durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini has hem kämilleşdirmek oba hojalyk işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ileri tutulýan bu ulgamda sebit we halkara, mundan başga-da, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giňelmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutýa

Näçe diýseň, nygmat bardyr...

Halkymyz gadymy döwürlerden bäri her bir toý-baýramynyň saçaklaryny naz-nygmata besläp, birnäçe gije-gündizläp toýlamagy özleriniň milli däp-dessuryna öwrüpdirler. Bosaga-da hem ulyň-kiçiň uly höwes, ýagşy arzuw-niýetler bilen garaşýan Täze ýyl baýramy. Bu baýramy uly üstünlikler, geljek ýyly oňat arzuwlar bilen garşylamak her bir maşgalanyň uly aladasy. Şu günler gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Arkadag şäherinde, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hemmeleriň söýgüli baýramy bolan Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen, giň gerimli taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde ilata edilýän hyzmatlaryň derejesine we hiline möhüm ähmiýet berilýär. Şu aýdylanlardan ugur alyp, dükanlarda, bazarlarda harytlaryň elýeterli bahalardan üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Bol hasylyň düýbi tutulýar

Balkan welaýatynyň oba hojalyk işgärleri döwlet harmanyna dänäni, «ak altyny», gök-bakja önümlerini tabşyrmakda ýokary görkezijilere eýe bolmak bilen, bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi başarýarlar. Şu ýyl welaýatyň Magtymguly etrabynyň ussat kärendeçileri Watan harmanyna dänäniň bol hasylyny tabşyryp, ýokary üstünlikler gazandylar. Esasan-da, Gyzylarbat etrabynyň çägindäki Garagum derýasynyň boýunda ýerleşýän ekin meýdanlarynda işler talabalaýyk ýola goýuldy. Tejribeli oba hojalyk işgärleri Şöhrat Hojagylyjow, Arslan Garajaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Daýhan ädim» daýhan hojalygynyň kärendeçileri ýylyň-ýylyna şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen tabşyrmakda köplere görelde bolýarlar.

Okuw sapaklary guraldy

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek we kämilleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, institutymyzyň professor-mugallymlary 2023 — 2024-nji okuw ýylyndan başlap tassyklanan meýilnama laýyklykda Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Agronomçylyk, Weterinar lukmançylygy fakultetleriniň we degişli kafedralaryň guramaklarynda ýakynda «Şabatsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygy, Daşoguz welaýat motor abatlaýyş kärhanalarynda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň, Daşoguz ýer serişdeler müdirliginiň, Daşoguz agrohimiýa barlaghanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda okuw sapaklaryny guradylar. Okuwyň dowamynda institutyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Agronomçylyk we weterinar lukmançylygy fakultetleriniň professor-mugallymlary Şatlyk Pygamow, Abdulla Rahmanow, Ýedibaý Baýramdurdyýew, Hekim Ýusupow täsirli çykyş etdiler. Kärhanalarda şeýle okuwlaryň guralmagy önümçilikde duş gelýän dürli meseleler boýunça sowal-jogaplary alyşmaga, nazaryýet bilen tejribäniň sazlaşygyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri berýär.

Miweli baglarda geçirilmeli gyşky çäreler

Ýurdumyzda miweli baglardan bol we ýokary hilli hasyl almak üçin olaryň esasy zyýankeşlerine we haşal otlara garşy göreşmek çärelerini yzygiderli alyp barmak zerur bolup durýar. Bu çäreler öz wagtynda geçirilmedik ýagdaýynda hasylyň ortaça 35 – 40 göterimi ýitýär, önümiň hili peselýär. Çigitli miweli baglarda (alma, armyt, beýi) zyýankeşlerden alma gurçugy, sakyrtgalar (kerepli sakyrtga, goňur miwe sakyrtgasy, alyç sakyrtgasy), kaliforniýa, melewşe reňkli galkanlylar, şirejeler, güýeler, alma gandalasy; şänikli miweli baglarda bolsa (erik, şetdaly, ülje, garaly) alma we garaly miwe gurçugy, galkanlylar, ýalan galkanly, şirejeler we başgalar öz zyýanlaryny ýetirip bilýärler.

Maksatly işler myrat tapýar

Aždarguly aga toprak bilen iş salşyp, ondan rysgal-bereket tapan adamlaryň biri. Uzak ýyllaryň dowamynda ol bu käriň inçe syrlaryny ele almak üçin ozal ýer bilen işleşen adamlaryň maslahatyna eýerdi. Halypalardan öwrenen iş tilsimleri oňa her bir ädimde ýardam berdi. Eden işiň kemini goýmazlygyň, garaşýan hasylyňy alyp, ondan köp girdeji gazanmagyň, şeýdibem hojalygy gurplandyrmagyň, esasan, baş goşan käriňe yhlas siňdirmegiň netijesinde hasyl bolýandygyny Aždarguly aga uzak ýyllaryň iş tejribesi doly aýan etdi. Ýyllaryň kerwen gurap geçmegi, höwes bilen ýerine ýetiren işleri, gazanylýan üstünlikler, tejribeli daýhan üçin oba hojalygynda täzeçe iş usullaryny peýdalanyp, işlemäge bolan islegi oýardy. Tejribeli daýhan Aždarguly Rejepgulyýew 2021-nji ýylda Sarahs etrabynyň Balykçylyk geňeşliginiň çäginde «Ýolly daýhan» daýhan hojalygyny döredip, täze usulda işlemäge girişdi. Uzak ýyllaryň dowamynda kärendeçilik usulynda, soňky ýyllarda bolsa «daýhan hojalygyny döretmek bilen işlemeli» diýen netijä gelmegi, onuň bu ugurdaky işleriniň has öňe ilerlemegine giň mümkinçilik berdi. Ol ogly Maksadyň öz kärini dowam etdirmäge bolan isleg-arzuwynyň bardygyna ynanýardy. Her bir işe ynam bilen ýapyşsaň, ol seni öňüňde goýan maksadyňa ýetirýär. Ýaş ýigidiň özün

Maýsalar göwnüňi göterýär

Ýere alyn deriňi döküp zähmet çekseň, ol saňa özüniň berekedini bolluk bilen eçilýär. Ynha, Babadaýhan etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşigi hem üstümizdäki ýylda 3750 gektar meýdana bugdaý ekip, oňat netijeleri gazandy. Täze ýylyň hasyly üçin güýzki bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary derejede tamamlan daýhan birleşiginde şu möwsümde ikinji gezek ak bugdaýyň «Alekseiç» sorty ekildi. Gallaçy daýhanlar ekilen bugdaýdan bol hasyl ýetişdirmek ugrunda şu günlerden alada edýärler. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýetişdirilýän bugdaý ekinlerini göreniňde, gözüň dokunýar. Janypkeş daýhanlar geljek ýylda her dänäniň müňlemegine garaşýarlar. Ýere yhlas siňdirýän däneçilik toparlarynyň öz işlerini göreldeli alyp barýandyklaryny bellemelidiris. Olaryň hatarynda Orazmämmet Baýramgeldiýewiň, Ýagmyrgylyç Toýlyýewiň, Täçmyrat Öwezberdiýewiň, Çary Akorazowyň, Muhammet Şaýusubowyň, Taňryguly Geldibaýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlaryny görkezmek bolar. «Daýhandan hereket — ýerden bereket» diýleni. Azap etseň, onuň hökman rehnetinem görýärsiň. Her ýyl Hasyl toýunda tejribeli kärendeçilere Şa serpaýlarynyň ýapylmagy olara goýulýan hormatdan nyşan. Ine, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Hasyl toýunyň öňüsyrasynda, hormatly Prezident

Iň gadymy däne hasyly

Türkmenistanyň ähli gülli ösümlikleriniň arasynda däneliler maşgalasynyň wekilleri Garagum çölünde, dag eteklerinde, düzlüklerde we oazislerde has-da agdyklyk edýärler. Olar halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýelän ykdysady taýdan esasy galla önümleridir. Bulara, esasan, bugdaý, arpa, şaly, mekgejöwen, süle, çowdary, jöwen we dary ýaly däneli ösümlikler degişlidir. Ýabany we ösdürilip ýetişdirilýän däneler öý haýwanlary üçin hem gymmatly ot-iým bolup durýar. Türkmenistanyň ösümlikleriniň däneliler maşgalasy 94 ugurdan ybarat bolup, ýurdumyz boýunça 266 görnüşli ýabany we ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikler bar. Bular gyrymsy agaçlar, köpýyllyk we birýyllyk otlardyr.

Bereket – bolçulygyň toýy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan ata Watanymyzda mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ajaýyp zähmet üstünlikleri, belent sepgitler bilen jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň goldaw hemaýatlary bilen ýurdumyzy azyk önümleri bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu günki gün bereketli topragyň jomartlygyndan, daýhanlaryň zähmetinden emele gelen bol hasyl ýetişdirilýär. Dünýäde ak bugdaýyň ilkinji mekanynyň türkmen topragy bolmagy-da gadymy halkymyz üçin öran buýsançly hem guwançlydyr. «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýlişi ýaly, topraga azap siňdirseň, ol ýerden bal akyp, gül biter. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän ekerançylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de welaýatlaryň we etraplaryň toprak, howa şertlerini göz öňünde tutup, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ýerleriň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak – bularyň ählisi-de oba hojaly

Daýhan yhlasy — bereket çeşmesi

Etrap merkeziniň edil golaý gabadyndan bugdaýly meýdanlaryň nazara sygmaýan hatarlary başlanýar. Gyş paslynyň ak säherinde gözýetime uzap gidýän giňişligiň tutuş durkunda ýerden esli saýlanan ýaşyl maýsalaryň epin tutmadyk tekiz düşegi öwşün atýar. Biri-birine ýanaşyk bu meýdanlaryň sesýetiminde yzy tirkegli traktor işläp ýör. Seteran agaçlar bilen gurşalan çiliň boýunda duran daýhan onuň her öwrüminden gözlerini aýyrman, ünsli synlaýar. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şyhmyrat Saparow bilen tanyşlygymyz şeýle ýakymly görnüşlerden başlandy. Kuwwatly traktoryň giň meýdanyň aňry çetine ugur alaryna mähetdel, kärendeçi bu işlerden göwnüniň hoşdugyny ýaňzydyp ýylgyrdy.

Göwnejaý ideg — bol hasylyň girewi

Şu günler Köneürgenç etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri ýaşajyk bugdaý maýsalaryna göwnejaý ideg etmek işlerini birkemsiz ýerine ýetirýärler. Olar ýaşyl maýsalary dürli mineral dökünler bilen wagtly-wagtynda iýmitlendirýärler. Bu ugurda daýhan birleşiginiň ussat gallaçy kärendeçileriniň birnäçesi yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň hatarynda Arazmyrat Sapargeldiýewi, Öregeldi Hanjanowy, Aýgül Atamedowany, Oguljennet Aşyrowany görkezmek bolar. Häzirki wagtda bugdaý meýdanlaryna çil çekmek işlerine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Çil çekmekde hojalygyň mehanizatorlary Döwlet Meredow, Aýdogdy Myratjykow, Tirkeş Kakanow dagy her bir güni ýokary iş netijeleri bilen jemleýärler. Gallaçy kärendeçiler maşgala agzalary bilen bilelikde atyzlaryň gyra-töwereklerini, çilleri guran ot-çöplerden, salmalary gyrmançalardan arassalaýarlar. Daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanlarynda häzirki günlerde alnyp barylýan işleri synlanyňda, kärendeçileriň geljek ýyl 530 gektar meýdandan guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, azyk bolçulygyna uly goşant goşjakdyklaryna ynamyň artýar.

Mynasyp zähmet üstünligi

Howanyň amatly günlerinden ýerlikli peýdalanan Halaç etrabynyň daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň zähmetsöýer adamlary mähriban Watanymyzyň «ak altyn» harmanyna pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gowaçaly meýdanlardan 30 müň 420 tonnanyň ýerine 30 müň 751 tonna «ak altyn» gelip gowuşdy. Tamamlanyp barýan ýyly üstünliklere besleýän halaçly babadaýhanlar gazanan zähmet ýeňşini Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk önümçiliginiň kuwwatyny artdyrmak, ýeriň hasyl berijilik derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrýan özgertmeleri bilen baglanyşdyrýarlar.

Alkyşly işiň höziri

Dänew etrabynda öňdebaryjy hojalyklaryň biri hasaplanylýan «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçileri tamamlanyp barýan 2023-nji ýyly örän şowly jemleýärler. Olar gallaçylykda, ýüpekçilikde, bag-bakja ekerançylygynda ýokary netijeleri gazandylar. Şu ýyl «ak altynyň» hem meýilleşdirilen hasylyny artygy bilen ýygnap, uly üstünligiň eýeleri boldular. Biz hem bu daýhan birleşiginiň üstünliklerini gutlamak hem-de ýokary netijeleri gazanan zähmet adamlaryny höweslendirmek maksady bilen taýýarlan sowgatlarymyzy gowşurmak üçin kärendeçileriň arasyna geldik. Daýhan birleşiginiň başlygy Rahym Jümmiýew: