Sürüm guramaçylykly barýar

25 Dekabr 2023
697

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri gowaça hasylyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirýärler. Ýerleri geljekki hasyl üçin ekişe öz wagtynda taýýarlamakda häzirki meýdan işleriniň ähmiýetiniň uludygyna oňat düşünýän daýhanlar sürümiň ýokary hilli alnyp barylmagyna jogapkärli çemeleşýärler.

Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň, M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Ak üzüm”, “Üzümli toprak” daýhan hojalyklarynyň sürüm işleri has guramaçylykly ýola goýlupdyr. Sürümde ýokary öndürijilikli traktorlariň bökdençsiz işledilmegi gazanylýar. Bu ugurda tejribeli mehanizatorlaryň çekýän tutanýerli zähmeti aýratyn bellärliklidir.

Maýa AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar