Iň gadymy däne hasyly

15 Dekabr 2023
968

Türkmenistanyň ähli gülli ösümlikleriniň arasynda däneliler maşgalasynyň wekilleri Garagum çölünde, dag eteklerinde, düzlüklerde we oazislerde has-da agdyklyk edýärler. Olar halkymyzyň durmuşynda möhüm orun eýelän ykdysady taýdan esasy galla önümleridir. Bulara, esasan, bugdaý, arpa, şaly, mekgejöwen, süle, çowdary, jöwen we dary ýaly däneli ösümlikler degişlidir. Ýabany we ösdürilip ýetişdirilýän däneler öý haýwanlary üçin hem gymmatly ot-iým bolup durýar.

Türkmenistanyň ösümlikleriniň däneliler maşgalasy 94 ugurdan ybarat bolup, ýurdumyz boýunça 266 görnüşli ýabany we ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikler bar. Bular gyrymsy agaçlar, köpýyllyk we birýyllyk otlardyr.

Ýusup MÄMMEDOW,
biologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar