Okuw sapaklary guraldy

19 Dekabr 2023
942

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek we kämilleşdirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, institutymyzyň professor-mugallymlary 2023 — 2024-nji okuw ýylyndan başlap tassyklanan meýilnama laýyklykda Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Agronomçylyk, Weterinar lukmançylygy fakultetleriniň we degişli kafedralaryň guramaklarynda ýakynda «Şabatsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygy, Daşoguz welaýat motor abatlaýyş kärhanalarynda «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň, Daşoguz ýer serişdeler müdirliginiň, Daşoguz agrohimiýa barlaghanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda okuw sapaklaryny guradylar.

Okuwyň dowamynda institutyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Agronomçylyk we weterinar lukmançylygy fakultetleriniň professor-mugallymlary Şatlyk Pygamow, Abdulla Rahmanow, Ýedibaý Baýramdurdyýew, Hekim Ýusupow täsirli çykyş etdiler. Kärhanalarda şeýle okuwlaryň guralmagy önümçilikde duş gelýän dürli meseleler boýunça sowal-jogaplary alyşmaga, nazaryýet bilen tejribäniň sazlaşygyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri berýär.

Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar