Maksatly işler myrat tapýar

19 Dekabr 2023
1000

Aždarguly aga toprak bilen iş salşyp, ondan rysgal-bereket tapan adamlaryň biri. Uzak ýyllaryň dowamynda ol bu käriň inçe syrlaryny ele almak üçin ozal ýer bilen işleşen adamlaryň maslahatyna eýerdi. Halypalardan öwrenen iş tilsimleri oňa her bir ädimde ýardam berdi. Eden işiň kemini goýmazlygyň, garaşýan hasylyňy alyp, ondan köp girdeji gazanmagyň, şeýdibem hojalygy gurplandyrmagyň, esasan, baş goşan käriňe yhlas siňdirmegiň netijesinde hasyl bolýandygyny Aždarguly aga uzak ýyllaryň iş tejribesi doly aýan etdi. Ýyllaryň kerwen gurap geçmegi, höwes bilen ýerine ýetiren işleri, gazanylýan üstünlikler, tejribeli daýhan üçin oba hojalygynda täzeçe iş usullaryny peýdalanyp, işlemäge bolan islegi oýardy.

Tejribeli daýhan Aždarguly Rejepgulyýew 2021-nji ýylda Sarahs etrabynyň Balykçylyk geňeşliginiň çäginde «Ýolly daýhan» daýhan hojalygyny döredip, täze usulda işlemäge girişdi. Uzak ýyllaryň dowamynda kärendeçilik usulynda, soňky ýyllarda bolsa «daýhan hojalygyny döretmek bilen işlemeli» diýen netijä gelmegi, onuň bu ugurdaky işleriniň has öňe ilerlemegine giň mümkinçilik berdi. Ol ogly Maksadyň öz kärini dowam etdirmäge bolan isleg-arzuwynyň bardygyna ynanýardy. Her bir işe ynam bilen ýapyşsaň, ol seni öňüňde goýan maksadyňa ýetirýär. Ýaş ýigidiň özüne ýeterlik iş tejribesiniň bardygy oňa bu işde ýaýdanmaga ýol goýmady. Maksat dessine hojalygy ýöretmegiň ähmiýetli taraplaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen, meýilnamada bellenilen 2 müň 150 gektar meýdana dürli ekinleri ekmek bilen, ekin dolanyşygyny alyp barmak, şeýle hem gök we bakja ekinlerini ekmek arkaly girdeji çeşmesini artdyrmagy möhüm wezipe hasaplady.

Akmyrat MÜRZÄÝEW.
Beýleki habarlar