Gant şugundyry ýygnalýar

20 Dekabr 2023
1057

Welaýatymyzyň daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň ekerançylary bugdaýyň, pagtanyň bereketli hasyllaryny ýetişdirmek bilen birlikde ýylyň aralyk ekini bolan gant şugundyrynyň köp mukdaryny öndürmekde hem tapawutly netijeleri gazanýarlar. Bu datly önümi Baýramaly etrabynyň ýer eýeleri-de göz öňünde tutulan tonnalardan has köp kemala getirýärler. Ýurdumyzyň her bir şanly toý-baýramlaryny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýan işeňňir adamlar şu günler gant şugundyryny ýygmaklygy guramaçylykly dowam etdirýärler.

Etrabyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň golaýynda hasylyň 2-nji kabul ediş nokady ýerleşýär. Onuň baş çekimçisi Nurmyrat Seýidowyň aýdyşy ýaly, bu ýere etrabyň gant şugundyryny ýetişdirýän daýhan birleşiklerinden hem-de daýhan hojalyklaryndan ýygylýan hasyl tabşyrylýar. Onuň gündelik kabul edilýän möçberi 200 tonna barabar bolýar. Bu ýerde daýhanlaryň getiren datly önümi ýük terezisinde ölçenilip, onuň eýelerine doly maglumatlar gowşurylýar. Nokada tabşyrylan hasyl bolsa günübirin “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zawodyna daşalýar. Önümi daşamakda bu kärhananyň kuwwatly ýük awtoulaglary bökdençsiz işledilýär. Gant şugundyryny köp tabşyrmakda “Täze ýol”, “Türkmenistan”, “Täze durmuş” daýhan birleşikleri tapawutlanýarlar.

Beýleki habarlar