"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Halkara ynsanperwerlik ýörelgeleri

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti 1926-njy ýylda döredildi. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanyp, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmagy bilen, bu milli jemgyýetiň taryhynda täze döwür başlandy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti ýurdumyzda baýry jemgyýetçilik guramalarynyň biridir. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti özüniň welaýat, şäher, etrap bölümleriniň kömegi arkaly ýurdumyzyň ähli künjeklerinde öz işlerini üstünlikli alyp barýar.

Adam saglygy we antibiotikler

Antibiotikler kesel dörediji bakteriýalara garşy täsirli derman serişdeleridir. Bakteriýalar bir öýjükli mikroorganizmlere degişli bolup, olar öz öýjüklerinde ýaşamaga, köpelmäge ukyply bolýar. Antibiotik derman serişdeleri öýjük diwarjyklaryny weýran etmek arkaly bakteriýalary öýjükleri bilen bilelikde ýok edip bilýär.

Süýji buýan — tebigy baýlygymyz

Watanymyzyň baý ösümlik dünýäsi bar. Onda ýokary derejeli ösümlikleriň 3 müň töweregi görnüşi duşýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzda duşýan ösümlikleriň 2 müňden gowrak görnüşiniň dermanlyk häsiýetiniň bardygyny, häzirki wagtda şolardan 100 görnüşini derman hökmünde ulanmaga rugsat berlendigini belleýär. Bizde duşýan dermanlyk ösümlikleriň görnüşiniň köp bolmagynyň we olaryň dermanlyk ähmiýetiniň has ýokarydygynyň Watanymyzyň çogly howasy we arassa ekologik şertleri bilen baglanyşyklydygyny, şol dermanlyk ösümlikleriň iň gowularynyň biriniň hem süýji buýandygyny nygtap geçýär. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitapda süýji buýanyň biologik häsiýetleri, geografik ýaýraýşy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Buýan urugy (Glycyrrhiza L) kösükliler maşgalasyna degişli bolup, dünýäde onuň 15 görnüşi, Türkmenistanda 4 görnüşi duşýar. Bu uruga degişli 2 görnüş — süýji buýan we ural buýany örän giňden ulanylýar. Biziň ýurdumyzda süýji buýan (Glycyrrhiza L) giňden ýaýrandyr. Ol köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Baldaklary köp şahaly

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howa-tozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär, dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär. Agyz-burun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir. Lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmaly. Dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza görä egreltmeli hem-de epinlerini düzetmeli. Örtügi dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalyşmaly. Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzda, ýörite tutawaçlaryndan tutma

Böwürslen

Böwürsleniň ýapragy, köki, miwesi dermanlyk häsiýete eýedir. Ol derman senagatynda giňden ulanylýan ösümlikleriň biridir. Tokaý böwürsleni öz düzümi boýunça bakjada ösdürilip ýetişdirilýän görnüşden hiç hili üýtgeşikligi ýok. Adatça, tokaý böwürsleniniň kökünden başlap, miwesine çenli tutuşlygyna ulanylýar, bakja görnüşiniň bolsa, esasan, miwesi we ýapraklary ulanylýar. Halkymyzda böwürsleniň ýapraklaryndan taýýarlanan çaý gadymdan bäri melhemlik hökmünde peýdalanylýar. Böwürsleniň bişen wagty ýumşak, şireli miwesi bolýar, çig böwürslen gyzyl reňkli we gataňsy bolýar. Ol ýaz paslynyň aýagynda we tomsuň başynda gülleýär, miweleri tomsuň soňunda hem-de güýzüň başynda ýygnalýar. Böwürslen ter görnüşinde dürli süýjülik önümlerine goşulýar, miweli işdäaçarlar, bally kökeler taýýarlanylanda ulanylýar. Böwürsleniň miwesinden mürepbe we goýaltmalar taýýarlanylýar, gyş üçin gaplanylýar, doňdurylýar, guradylýar.

Saglyk — uly baýlyk

Ildeşlerimiziň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak, keselleriň öňüni almak maksady bilen, Ak bugdaý etrap häkimligi tarapyndan döredilen wagyz-nesihat topary tarapyndan ilatyň arasynda geçirilýän düşündiriş işleriniň netijeliligi gazanylýar. Munuň şeýledigine etrabyň «Bereketli zaman» şäherçe geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň arasynda guralan wagyz-nesihat duşuşygy hem şaýatlyk edýär. Duşuşykda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de saglygy goraýyş işgärleri çykyş edip, howa şertleriniň üýtgemegi we onuň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtükleriniň ulanylmagynyň, degişli howpsuz araçägi saklamagyň, şahsy, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmegiň ähmiýeti barada durup geçdiler. Çykyşlarda ýokumly iýmitler, esasan-da, askorbin turşusyna baý önümler bilen iýmitlenmegiň, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, otaglaryň howasyny tämiz saklamagyň peýdasy barada aýdylanlar ünsli diňlendi.

Ýaz ýapynjaňy ýanyňdan goýma!

Ýazyň gelendigine garamazdan, howanyň üýtgäp durmagy, bir-de Gün çykyp, bir-de hem ýagyşdyr ýagmyryň ýagmagy egin-eşiklerimize, iýmitimize uly üns bermekligi talap edýär. Çünki gyşda Gün şöhlesiniň ýeterlik derejede bolmazlygy bedeni tapdan düşürýär, kesellere garşy göreşmek ukyby, nerw ulgamy gowşaýar. Hut şonuň üçin hem sepgit döwründe adam ýygy-ýygydan sowuklaýar, üsgürýär, ukuçyllyk, ysgynsyzlyk ýagdaýlary duş gelýär, möwsümleýin keseller has köp ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin, ilki bilen, bedeniň immun ulgamyny berkitmeli, ýagny sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. «Sport — saglygyň girewi» diýlişi ýaly, yzygiderli bedeniňi taplap durmaly, maşklary ýerine ýetirmeli, arassa howada gezelenç etmeli. Ýokumly, witaminlere we minerallara baý miweleri, gök önümleri köpräk iýiň! Olar immuniteti berkidip, islendik howada ynamly goragy üpjün edip biler. Şeýle-de şu günler howanyň ygallydygyny göz öňünde tutup, ýyly geýinmegi unutmaň! Saýawanyňyzy ýanyňyzdan goýmaň! Suwa düşüp, saçyňy guratman daşaryk çykmak zyýanlydyr. Munuň özi eşidişiň peselmegine, nerwleriň sowuklamagyna, saçyň düşmegine, dowamly çakyzanyň döremegine we beýleki keselleriň ýüze çykmagyna getirip biler.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Maşk edeliň — saglygymyzy berkideliň!

Sagdynlyk bagtyýarlykdyr

1. Her gün otagy ýelejiredip, çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli. 2. Sagdyn we dogry iýmitlenmeli.

Size saglyk ýaran bolsun!

Öýden daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtügini dakynyň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Arassaçylygy berjaý edeliň!

■ Keseliň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň! ■ Ulanylan elýaglyklary ýuwup, gaýnadyň we ütükläň!

Saglygym — baş baýlygym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar. Welaýatymyzyň köpugurly hassahanasynyň ak ýektaýly lukmanlary hem özlerine ýüz tutup gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alyp, olara maslahat we bejergi berýärler. Hassahananyň umumy bejeriş bölüminiň şepagat uýasy Şemşat Amanlyýewa bu ýerde 20 ýyl bäri zähmet çekip, alkyşly sözlere mynasyp bolup gelýär. Ol Mary şäherindäki S. A. Nyýazow adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebini tamamlap, bu hassahanada zähmet ýoluna başlady. Şol wagtdan bäri hem halka ak ýürekden hyzmat edýär.

Sagdynlyk ýörelgesi gerim alýar

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen her bir raýatyň saglygyny berkitmek hem-de goramak barada derwaýys işler amala aşyrylýar. Oba saglyk merkezimiziň lukmanlarydyr şepagat uýalary hem şeýle işlere saldamly goşantlaryny goşýarlar. Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, oba saglyk merkezimizde hem keselleriň öňüni almak barada zerur işler durmuşa geçirilýär we arassaçylygyň düzgünleri berk berjaý edilýär. Bagtyýar halkymyzyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň döremeginiň öňüni almak baş wezipämiz bolup durýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan saglygyny we ömrüni goramak biziň baş maksadymyzdyr” diýen sözlerinden ugur alyp, oba saglyk merkezimiziň işgärleri maşgala meýdançalarynda bolup, degerli işleri alyp barýarlar. Maşgala meýdançalarymyzyň raýatlaryna, ilatyň köpçülikleýin bolýan ýerlerinde ýiti respirator keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak barada wagyz edýäris.

Saglyk — durmuşyň bezegi

Pasyllaryň çalşyp, howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi hem artýar. Olardan goranmak üçin bedeniň immun ulgamynyň kesele garşy durnuklylygynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Şeýle-de: — bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher hem-de agşamara arassa howada gezim etmeli;

Saglyk — esasy baýlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň saglygyny has-da gowulandyrmak, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Häzirki döwürde ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň gözbaşyna öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Ähli bilim edaralarynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, dürli sport ýaryşlary, maslahatlar, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şonuň ýaly-da, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda zyýanly endikleriň öňüni almak, bedeni berkitmegiň usullaryny, öz-özüňe erk etmegi öwretmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ugrukdyrmak boýunça degişli wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynd

Çaý—jana melhem

Tutuş dünýä ýüzünde çaý adam saglygyna peýdaly içgi hasaplanýar. Bu içgi ilkinji nobatda immuniteti berkidýär, şeýle hem bedendäki iýmit alyş-çalşygyny işjeňleşdirýär, dişiň syrçasyny berkidýär, gözüň görüjiligine oňyn täsir edýär. Çaýyň onkologiki keselleriň döremeginiň öňüni almakda-da täsiri ýokarydyr. Bu içgi gan basyşy ýokary bolan adamlar üçin hem peýdalydyr. Düzüminde birnäçe witaminlere baý bolan çaý biziň ýurdumyzda hem meşhurdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda beýan edilişi ýaly, çaý içmek Gündogar ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem sungat derejesine ýetirilipdir. Geliň, jana şypaly içgi bolan çaý hakynda käbir gyzykly maglumatlar bilen tanşalyň. Çaý suwdan soň iň köp içilýän içgidir. Dünýäde çaýyň biri-birinden tapawutly bolan dürli görnüşleri bardyr.

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Şu günler Tejen etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda, orta mekdeplerde zähmet çekýän işgärleriň arasynda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça wagyz-nesihat duşuşyklarydyr düşündiriş işleri alnyp barylýar. Etrabyň Göniamaşa geňeşliginiň çägindäki 6-njy orta mekdepde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem şeýle çäreleriň biri boldy. Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda, «Arkadagyň sagdynlyk ýörelgesi — bagtyýar durmuşa binýat» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna bilim işgärleri gatnaşdy. Onda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek hormatly Prezidentimiziň baş maksadydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda, raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny gazanmakda, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmakda giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Sagdynlykdyr şat durmuşyň gözbaşy,Saglyk üçin, geliň, örtük dakalyň!Ähli süýji arzuwlara sözbaşy —Saglyk üçin, geliň, örtük dakalyň!

Allergiýanyň öňüni nädip almaly?

Häzirki sepgit döwründe howanyň üýtgemegi, şeýle-de agaçlaryň gülläp, tebigatyň janlanmagy bilen, käbir adamlarda allergiýa ýagdaýy ýüze çykýar. Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti garşylygydyr. Allergiýa ýagdaýy haýwanlaryň tüýleri, iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp, onuň dowamlylygy birnäçe minutdan, birnäçe güne çekip bilýär. Burundan suwuklygyň akmagy, göz ýaşarmasy, asgyrma, bedende dörän uly bolmadyk örgün we beýleki ýagdaýlar allergiýanyň alamatlary bolup biler. Bu alamatlar bedene allergen düşenden soň, 15 minudyň dowamynda ýüze çykýar. Şonuň üçinem şeýle ýagdaý ýüze çykan dessine, gaýragoýulmasyz çäreleri görmek hökmandyr. Mundan başga-da, allergiýany döredip biljek dürli zatlardan gaça duruň! Dost-ýarlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz, işdeş ýoldaşlaryňyz hem-de size gözegçilik edýän lukmanlar (şol sanda diş lukmany, kosmetolog we başgalar) siziň belli bir zada allergiýaňyzyň bardygyndan habarly bolmalydyr.