Ýaz ýapynjaňy ýanyňdan goýma!

13 Mart 2021
1142

Ýazyň gelendigine garamazdan, howanyň üýtgäp durmagy, bir-de Gün çykyp, bir-de hem ýagyşdyr ýagmyryň ýagmagy egin-eşiklerimize, iýmitimize uly üns bermekligi talap edýär. Çünki gyşda Gün şöhlesiniň ýeterlik derejede bolmazlygy bedeni tapdan düşürýär, kesellere garşy göreşmek ukyby, nerw ulgamy gowşaýar. Hut şonuň üçin hem sepgit döwründe adam ýygy-ýygydan sowuklaýar, üsgürýär, ukuçyllyk, ysgynsyzlyk ýagdaýlary duş gelýär, möwsümleýin keseller has köp ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin, ilki bilen, bedeniň immun ulgamyny berkitmeli, ýagny sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. «Sport — saglygyň girewi» diýlişi ýaly, yzygiderli bedeniňi taplap durmaly, maşklary ýerine ýetirmeli, arassa howada gezelenç etmeli.

Ýokumly, witaminlere we minerallara baý miweleri, gök önümleri köpräk iýiň! Olar immuniteti berkidip, islendik howada ynamly goragy üpjün edip biler. Şeýle-de şu günler howanyň ygallydygyny göz öňünde tutup, ýyly geýinmegi unutmaň! Saýawanyňyzy ýanyňyzdan goýmaň! Suwa düşüp, saçyňy guratman daşaryk çykmak zyýanlydyr. Munuň özi eşidişiň peselmegine, nerwleriň sowuklamagyna, saçyň düşmegine, dowamly çakyzanyň döremegine we beýleki keselleriň ýüze çykmagyna getirip biler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar