Çaý—jana melhem

11 Mart 2021
1398

Tutuş dünýä ýüzünde çaý adam saglygyna peýdaly içgi hasaplanýar. Bu içgi ilkinji nobatda immuniteti berkidýär, şeýle hem bedendäki iýmit alyş-çalşygyny işjeňleşdirýär, dişiň syrçasyny berkidýär, gözüň görüjiligine oňyn täsir edýär. Çaýyň onkologiki keselleriň döremeginiň öňüni almakda-da täsiri ýokarydyr. Bu içgi gan basyşy ýokary bolan adamlar üçin hem peýdalydyr. Düzüminde birnäçe witaminlere baý bolan çaý biziň ýurdumyzda hem meşhurdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda beýan edilişi ýaly, çaý içmek Gündogar ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem sungat derejesine ýetirilipdir. Geliň, jana şypaly içgi bolan çaý hakynda käbir gyzykly maglumatlar bilen tanşalyň.

Çaý suwdan soň iň köp içilýän içgidir. Dünýäde çaýyň biri-birinden tapawutly bolan dürli görnüşleri bardyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Hudaýberdi AKMÄMMEDOW,
Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar