Allergiýanyň öňüni nädip almaly?

11 Mart 2021
1080

Häzirki sepgit döwründe howanyň üýtgemegi, şeýle-de agaçlaryň gülläp, tebigatyň janlanmagy bilen, käbir adamlarda allergiýa ýagdaýy ýüze çykýar. Allergiýa bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti garşylygydyr. Allergiýa ýagdaýy haýwanlaryň tüýleri, iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp, onuň dowamlylygy birnäçe minutdan, birnäçe güne çekip bilýär.

Burundan suwuklygyň akmagy, göz ýaşarmasy, asgyrma, bedende dörän uly bolmadyk örgün we beýleki ýagdaýlar allergiýanyň alamatlary bolup biler. Bu alamatlar bedene allergen düşenden soň, 15 minudyň dowamynda ýüze çykýar. Şonuň üçinem şeýle ýagdaý ýüze çykan dessine, gaýragoýulmasyz çäreleri görmek hökmandyr. Mundan başga-da, allergiýany döredip biljek dürli zatlardan gaça duruň! Dost-ýarlaryňyz, dogan-garyndaşlaryňyz, işdeş ýoldaşlaryňyz hem-de size gözegçilik edýän lukmanlar (şol sanda diş lukmany, kosmetolog we başgalar) siziň belli bir zada allergiýaňyzyň bardygyndan habarly bolmalydyr.

Aýlar TÄÇMEDOWA,
Aşgabat şäher hassahanasynyň iç keseller bölüminiň lukmany.
Beýleki habarlar