Arassaçylyk saglygyň girewidir

11 Mart 2021
1182

Şu günler Tejen etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda, orta mekdeplerde zähmet çekýän işgärleriň arasynda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça wagyz-nesihat duşuşyklarydyr düşündiriş işleri alnyp barylýar. Etrabyň Göniamaşa geňeşliginiň çägindäki 6-njy orta mekdepde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda, «Arkadagyň sagdynlyk ýörelgesi — bagtyýar durmuşa binýat» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna bilim işgärleri gatnaşdy. Onda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek hormatly Prezidentimiziň baş maksadydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda, raýatlaryň sagdyn durmuşda ýaşamagyny gazanmakda, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmakda giň gerimli işleriň amala aşyrylmagy hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr.

Mekan MÄMMETGURBANOW,
Tejen etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.
Beýleki habarlar