Böwürslen

14 Mart 2021
1012

Böwürsleniň ýapragy, köki, miwesi dermanlyk häsiýete eýedir. Ol derman senagatynda giňden ulanylýan ösümlikleriň biridir. Tokaý böwürsleni öz düzümi boýunça bakjada ösdürilip ýetişdirilýän görnüşden hiç hili üýtgeşikligi ýok. Adatça, tokaý böwürsleniniň kökünden başlap, miwesine çenli tutuşlygyna ulanylýar, bakja görnüşiniň bolsa, esasan, miwesi we ýapraklary ulanylýar. Halkymyzda böwürsleniň ýapraklaryndan taýýarlanan çaý gadymdan bäri melhemlik hökmünde peýdalanylýar.

Böwürsleniň bişen wagty ýumşak, şireli miwesi bolýar, çig böwürslen gyzyl reňkli we gataňsy bolýar. Ol ýaz paslynyň aýagynda we tomsuň başynda gülleýär, miweleri tomsuň soňunda hem-de güýzüň başynda ýygnalýar. Böwürslen ter görnüşinde dürli süýjülik önümlerine goşulýar, miweli işdäaçarlar, bally kökeler taýýarlanylanda ulanylýar. Böwürsleniň miwesinden mürepbe we goýaltmalar taýýarlanylýar, gyş üçin gaplanylýar, doňdurylýar, guradylýar.

Rejepmuhammet HOJAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar