"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Lukman maslahat berýär

Her bir maşgalada nahar taýýarlamak işi azyklyk çig maly satyn almakdan başlanýar. Şonuň üçin hem bu önümleri diňe azyk söwdasynyň satuwy rugsat berlen söwda nokatlaryndan — bazarlardan we azyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan dükanlardan almaly. Azyk önümleriniň söwdasy edilende, onuň belgileniş nyşanynda görkezilýän maglumatlara, ýagny hökmany suratda ýaramlylyk möhletine, saklanyş şertlerine, düzümine, daşky görnüşine, önümiň ysyna, reňkine we beýleki ýagdaýlaryna üns bermeli. Azyk önümleri satyn alnanda, çalt zaýalanýanlaryny, ýagny süýt, et we şöhlat, konditer, balyk we deňiz önümlerini, ýumurtgany diňe zerur mukdarda almaga endik edinmeli, ylaýta-da, howanyň yssy wagtlary bu endigi berk berjaý etmek hökmandyr. Harytlaryň sowadyjyda saklanyş düzgünlerini, ýagny biri-birine täsir edip, adaty düzümini üýtgedip biljek iýmit önümlerini çäklendirip saklamak zerur. Mysal üçin, balyk we süýt önümlerini bir ýerde üsti açyk ýagdaýda saklamaly däl. Satyn alnyp, öýe getirilenden soň, gök we bakja önümlerini, miweleri hökman arassa akar suwuň aşagynda mazaly ýuwmaly, soňra sowadylan gaýnag suw bilen durlamaly, arassa hasanyň üstünde guratmaly we gaba salyp, sowadyjynyň aşaky bölegine ýerleşdirmeli. Süýt we süýt önümleri sowadyjynyň ýokarky böleginde sakl

Dermanlyk ösümlikler

Dermanlyk ösümlik, derdi dep edýär, Ruhuňy göterip, keýpiň kök edýär.

Gülki barada

Ha ynanyň, ha ynanmaň, ýöne gülkini we onuň adam bedenine ýetirýän täsirlerini öwrenýän ylmyň bardygy hakykat. Ol ylym gelotologiýa diýlip atlandyrylýar. * * *

Üzärlikli sabynlar — tämizlik hem sagdynlyk

Işdeş gyzlarymyzyň biri: «Üzärlikli sabyn bilen bir hepde ýüzümi ýuwdum welin, düwürtiklerim el bilen aýrylan ýaly bolaýdy» diýmedik bolsa, mende bu täsin sabyna gyzyklanma döremezdi, belkem. Bu mahabatdan soň ýöriteläp dükana gitdim. Ýüzümdäki düwürtikleri aýryp bilmän kän kösendim. Her ýerden bir zat okap, eşiden-bilenlerimi ulanyp, em baryny etdim, ýöne düwürtiklerim aýrylybermedi. Üzärlikli sabyn bilen ýüzümi ýuwup başladym welin, üç gün diýende täsirini duýdum. Düwürtiklerim gurap, aýrylyp başlady. Şonda müň bir derdiň dermany bolan üzärligiň jadyly şypasyna ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Ulandygymça-da, onuň başga-da täsir edijilik syrlary açylyp barýan ýaly. Üzärlikli sabynyň diňe ýüzdäki düwürtikleri däl, endamdaky islendik ýarany aýyrmaga-da täsiri bolup, derini ýumşadýandygyna, barmaklaryň bogunlarynyň yzasyny azaldýandygyna hem göz ýetirdim. Häzirki wagtda täze tehnologiýalar esasynda iş alyp barýan hususy pudakda üzärlikli sabynlary öndürýän karhanalaryň sany köpelýär. Olaryň hatarynda «Täç hil», «Mähirli dogan», «Argyş» hususy kärhanalary-da bar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän üzärlikli sabynlary sabyn önümleriniň nusgawy toparyna degişli bolup, onuň zyýanly bakteriýalara garşylygy ýokarydyr. «Argyş» hususy kärhanasyn

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Gyşyn-ýazyn, günde-günaşa diýen ýaly, çygly esgi bilen süpürenimizde-de, tozansoruja sorduranymyzda-da, öýüň tozanyndan dynyp bolanok. Yzygiderli arassaçylyk işleri geçirilmese, her gün çökýän tozanjyklar gat-gat bolup dykyzlanyp gidýär. Göze görünmeýän tozan bölejikleri diňe pola, mebellere, kitap tekjelerine, lýustralara, penjire tutularyna çökmän, sähelçe yş tapyp, geýim-gejim, gap-çanak, aýakgap saklanýan şkaflara-da girýär. Mikronyň ülüşlerinden 0,1 millimetr aralykdaky ölçegli öý tozanynyň düzümi barlananda, onuň içinden çägeden, daş zerrelerinden, deňiz duzundan başga, kirşen, ösümlik bölejikleri, gül tozgajyklary; ulag tigirleriniň rezin pytraňňylary; her dürli kömelejikler, mikroblar; adamyň we öý haýwanlarynyň derisiniň ölen epidermisi—goňaklary, saç-gyl bölejikleri; sozulan geýim-gejimleriň, keçe-halynyň, sütükli çaga oýunjaklarynyň süýümleri; sürtülen diwan-kürsileriň prolon bölejikleri; kagyz, pamyk, ýüň übtüjekleri; gurum, kül, demir posy, ýag zerrejikleri we ş. m. tapylýar. Deňizleriň, ummanlaryň daşgynlarynyň tolkunlary ýylçyr gaýalary, daşlary ýuwup-ýülmäninde daş zerrejikleri deňiz duzy bilen garyşyp, kenara ýaýraýar, soňra olar guransoň, ýel bilen asmana galýarlar-da, howanyň umumy tozanyna garylýarlar. Köwsarlaýan ýel, a

Peýdaly maslahatlar

Bedeniň bir ýeri ýananda ýa-da ary çakanda, täze ýolnan atgulagyň ýapraklaryndan garylyp ýasalan bulamagy ýara ýerine ýapyp, ony 2—3 sagatdan çalşyp durmak peýdalydyr. Beden agzalarynyň birine ýanyk düşende diş pastasyny çalmak bolmaýar. Çünki onuň düzümindäki ftor bedene zyýan ýetirýär. Onuň ýerine 100 gram düýp sogany owradyp, 100 gram saryýagda gowrup, soňra ony süzüp ýara ýapsaňyz peýda berer.

Dik ösýän mamamçörek (Просвирник прямостоячий)

Häsiýeti. Haşal derman ösümligi. Dünýäde, takmynan, 40, GDA ýurtlarynda, takmynan, 20, Türkmenistanda 9 görnüşi duşýar. Dik ösýän mamamçörek — mamamçörek maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 40—60 sm birýyllyk otjumak wekili. Baldagy göni, seýrek galyp duran, ýönekeý ýa-da gysga şahaly ýönekeý ýa-da ujy iki tüýlüje, esasy, köplenç, ýitip gidýär, käte ýyldyz şekilli garylan tüýjagazlardan ybarat. Ýapragy uzyn sapaklyja, plastinkasy tegelek, esasy ýürek şekilli, sähelçe kepjeli ýa-da 5—7 kepjeli, ýüpek kysymy tüýlüje. Ýaprak ýanynyň gyrasy uzyn kirpiklije.

Gözellik we sagdynlyk

Bir hyýary gyrgyçdan geçirip, ony bir nahar çemçe badam ýagy we bir ýumurtganyň sarysy bilen garmaly. Ýapgyny ýüzüňize we boýnuňyza çalyp, 40 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi iymitlendirer we ýygyrtlaryň azalmagyna ýardam eder. * * *

Saglyk — baş baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Käşir

Güneşli Diýarymyzda dermanlyk häsiýetli gök önümleriň we dürli ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi bar. Ata-babalarymyz dermanlyk ösümlikleriň haýyrly taraplaryny içgin öwrenip, degişli nähoşluklarda ulanmagy başarypdyrlar. Olardan melhemlik çaýlar, demlemeler, dürli emler taýýarlanyp, halk tebipçiliginde giňden ulanylypdyr. Köpügören ata-babalarymyz bu ösümlikleriň gurluşy, düzümi, ösüş aýratynlyklary, peýdaly häsiýetleri baradaky maglumatlara aýawly çemeleşip, gymmatly miras hökmünde nesilden nesle geçiripdirler. Käşir hem witaminlere baý bolup, onuň adam saglygy üçin peýdasy örän uludyr. Ondan taýýarlanan şypalyklar ençeme nähoşlugyň öňüni alýar, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär. Käşirde A, K, C, E, H, PP witaminleri hem-de B witaminler toplumy, demir sink, ýod, marganes kalsiý, mis, foliý turşusy, magniý we başga-da birnäçe minerallar bar. Örän oňat antioksidant çeşmesi bolmak bilen, käşir ganyň arassalanmagyny we aýlanyşygyny çaltlandyrýar.

Sagdyn durmuşyň binýady

Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda, Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Welaýatymyzyň saglygy goraýyş işgärlerinden we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerinden ybarat bolan wagyz-nesihat topary tarapyndan agzalan kärhananyň işgärleriniň arasynda geçirilen maslahatda howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp bileýjäk kesellerden goranmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek barada gürrüň edildi. Onuň barşynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzda alnyp barylýan guwandyryjy işler, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň saglygyny goramakda durmuşa geçirilýän üstünlikli çäreleriň ähmiýeti dogrusynda aýdylanlar gyzyklanma bilen diňlendi. Maslahatda çykyş edenler sagdyn iýmitlenmek, agyz-burun örtüklerini ulanmak, 2 metr howpsuz araçägi saklamak, arassaçylygy berjaý etmek bilen baglanyşykly gymmatly maslahatlar berdiler hem-de ynsan saglygy hakdaky aladany ähli zatdan ilerde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Paýtagt” Döwlet söwda merkezinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy önümçilik birleşiginde, “Aşgabatçörek” önümçilik birleşiginde we şol ministrligiň “Sümmül” dükanynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyklarda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, howpsuz araçägi saklamak, agyz-burun örtükleriniň ähmiýeti, möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleriň öňüni almak we goranmak, kadaly iýmitlenmek, öňüni alyş sanjymlaryň ähmiýeti, temmäki önümleriniň saglyga zyýany, köpçülikleýin öňüni alyş saglyk barlaglaryndan ýylda bir gezek geçmegiň ähmiýeti dogrusynda gürrüň beýan edildi. Wagyz-nesihat çärelerinde çykyş edenler pasla görä geýinmek, möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleriň öňüni almak we goranmak hakynda durup geçdiler. Şeýle hem arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek we elleri arassa saklamak, howpsuz 2 metr araçägi saklamak we agyz-burun örtüklerini dogry ulanmagyň düzgünleri, miweleriň saglyga peýdasy, zähmetiň adamy

Saglyk — durmuşyň bezegi

Pasyllaryň çalşyp, howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi hem artýar. Olardan goranmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Şeýle-de: — bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde hem-de agşamara arassa howada gezim etmeli;

Saglygym — baş baýlygym

1. Otaglary arassa saklamaly we howasyny täzeläp durmaly. 2. Immunitetiňi ýokarlandyrmak üçin C witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Lukmanyň maslahaty

ÝITI RESPIRATOR KESELLERINDE DOGRY IÝMITLENMEK Sowuklamada, dümewde, ýiti respirator kesellerinde dogry iýmitlenmegiň kadalaryny berjaý etmek uly ähmiýete eýedir. Burun dykylmada turşumtyk tagamly içgileri, meselem, bir bölek limon atylan ýa-da apelsin şiresi garylan suwlary içmek peýdaly. Sitrus miwelerinde we turşy ir-iýmişlerde C witamini hem-de mikroblara garşy turşular has köpdür.

Lukman maslahat berýär

■ Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. ■ Kesellemegiň öňüni almak üçin arassa agyz suwy we gök önümleri ulanmaly.

Baş aladamyz — ynsan saglygy

Şu günler ýiti öýken sowuklama keseliniň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ähli ýerde degişli çäreler geçirilip, arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi baradaky wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli guralýar. Geçirilýän çärelerde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berjaý edilişiniň düzgünleri dogrusynda lukmanlar yzygiderli çykyş edýärler. Olar her gün kadaly iýmitlenip, doly ukyny almagyň günde ter gök önümleri iýmegi endige öwürmegiň hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ynsan saglygyna ähmiýetiniň uludygy dogrusynda aýratyn belleýärler. Bulardan başga-da öýleriň, iş otaglarynyň penjirelerini ýygy-ýygydan açyp, howasyny çalşyp durmaklygy we otaglarda ýygy-ýygydan üzärlik tütedip, zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmekligi, elleriň antibakterial serişdesi bilen ýygy-ýygydan ýuwup, öý-içerini, bedeniňi, gap-gajyňy arassa saklamaklygy maslahat berýärler. Şeýle çäreleriň geçirilip durulmagy Watanymyzyň ýagty ertiri bolan bala-çagalarymyzyň hem zyýanly endiklerden daşda durup, sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerine uly täsir eder.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mary etrap hassahanasynyň Peşanaly oba saglyk merkeziniň maşgala şepagat uýalary ýüz tutup gelýän oba adamlaryny güler ýüz bilen garşylaýarlar. Häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli adamlaryň saglygyny goramakda düýpli işler alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, olara sanjym etmek işleri yzygiderli geçirilýär. Hassahanada zähmet çekýän maşgala şepagat uýasy Aýbölek Soltanowa hem gelýän näsaglara degerli maslahatlary berip, olara sanjym işlerini geçirýär. Şeýlelikde, ol oba adamlarynyň alkyşly sözlerine mynasyp bolýar.

Çagalar — biziň guwanjymyz

Ganazlyk (anemiýa) adamyň deri örtüginiň agarmagy, reňkiniň öçügsi bolmagy, içki organlarda üýtgeşikligiň bolmagy, gandaky gemoglobiniň mukdarynyň azalmagy ýaly alamatlary bolan keseldir. Biz demir ýetmezçilikli ganazlyk barada durup geçmekçi bolýarys. Demir ýetmezçilikli ganazlyk diýlip, gemoglobiniň gurluşyna gatnaşýan demriň ýetmezçiligine aýdylýar. Demir ýetmezçilikli ganazlyk wagtyndan öň doglan çagalarda, az agramda we uly agramda doglan çagalarda, şeýle hem, ekiz doglan çagalarda köp duş gelýär, sebäbi bu çagalarda demriň gory soň döreýär. Şol sebäpli hem bu çagalar doglandan 6 aýdan soň öz kadaly agramyny alýarlar we tiz ösýärler, şonuň üçin çaga demriň goşmaça mukdary gerek bolýar.