Il saglygy — ýurt baýlygy

26 Mart 2021
837

Mary etrap hassahanasynyň Peşanaly oba saglyk merkeziniň maşgala şepagat uýalary ýüz tutup gelýän oba adamlaryny güler ýüz bilen garşylaýarlar. Häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli adamlaryň saglygyny goramakda düýpli işler alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da, olara sanjym etmek işleri yzygiderli geçirilýär.

Hassahanada zähmet çekýän maşgala şepagat uýasy Aýbölek Soltanowa hem gelýän näsaglara degerli maslahatlary berip, olara sanjym işlerini geçirýär. Şeýlelikde, ol oba adamlarynyň alkyşly sözlerine mynasyp bolýar.

Beýleki habarlar