Üzärlikli sabynlar — tämizlik hem sagdynlyk

29 Mart 2021
2206

Işdeş gyzlarymyzyň biri: «Üzärlikli sabyn bilen bir hepde ýüzümi ýuwdum welin, düwürtiklerim el bilen aýrylan ýaly bolaýdy» diýmedik bolsa, mende bu täsin sabyna gyzyklanma döremezdi, belkem. Bu mahabatdan soň ýöriteläp dükana gitdim. Ýüzümdäki düwürtikleri aýryp bilmän kän kösendim. Her ýerden bir zat okap, eşiden-bilenlerimi ulanyp, em baryny etdim, ýöne düwürtiklerim aýrylybermedi. Üzärlikli sabyn bilen ýüzümi ýuwup başladym welin, üç gün diýende täsirini duýdum. Düwürtiklerim gurap, aýrylyp başlady. Şonda müň bir derdiň dermany bolan üzärligiň jadyly şypasyna ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Ulandygymça-da, onuň başga-da täsir edijilik syrlary açylyp barýan ýaly. Üzärlikli sabynyň diňe ýüzdäki düwürtikleri däl, endamdaky islendik ýarany aýyrmaga-da täsiri bolup, derini ýumşadýandygyna, barmaklaryň bogunlarynyň yzasyny azaldýandygyna hem göz ýetirdim.

Häzirki wagtda täze tehnologiýalar esasynda iş alyp barýan hususy pudakda üzärlikli sabynlary öndürýän karhanalaryň sany köpelýär. Olaryň hatarynda «Täç hil», «Mähirli dogan», «Argyş» hususy kärhanalary-da bar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän üzärlikli sabynlary sabyn önümleriniň nusgawy toparyna degişli bolup, onuň zyýanly bakteriýalara garşylygy ýokarydyr. «Argyş» hususy kärhanasynyň öndürýän «Adelwir» haryt nyşanly üzärlikli sabynlary barada berilýän maglumatlara görä, onuň düzüminde palma we mal ýaglarynyň ýag kislotalarynyň natriý duzlary, titanyň ikili okisi, natriý gidroksidi we silikaty, gliserin, nahar duzy, suw, reňk, hoşboý ys beriji serişdeler bar. Önümiň ýaramlylyk möhleti öndürilen senesinden başlap, iki ýyl, ýagny 24 aý. Bu sabynlary saklamak üçin howanyň ýylylyk derejesi 5, çyglylyk derejesi hem 75 göterimden ýokary bolmaly däl.

Gülşat ROZYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar