Baş aladamyz — ynsan saglygy

26 Mart 2021
944

Şu günler ýiti öýken sowuklama keseliniň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça ähli ýerde degişli çäreler geçirilip, arassaçylyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi baradaky wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli guralýar.

Geçirilýän çärelerde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berjaý edilişiniň düzgünleri dogrusynda lukmanlar yzygiderli çykyş edýärler. Olar her gün kadaly iýmitlenip, doly ukyny almagyň günde ter gök önümleri iýmegi endige öwürmegiň hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ynsan saglygyna ähmiýetiniň uludygy dogrusynda aýratyn belleýärler. Bulardan başga-da öýleriň, iş otaglarynyň penjirelerini ýygy-ýygydan açyp, howasyny çalşyp durmaklygy we otaglarda ýygy-ýygydan üzärlik tütedip, zyýansyzlandyryş çärelerini geçirmekligi, elleriň antibakterial serişdesi bilen ýygy-ýygydan ýuwup, öý-içerini, bedeniňi, gap-gajyňy arassa saklamaklygy maslahat berýärler. Şeýle çäreleriň geçirilip durulmagy Watanymyzyň ýagty ertiri bolan bala-çagalarymyzyň hem zyýanly endiklerden daşda durup, sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerine uly täsir eder.

Täzegül BABAŞEWA,
saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar