Wagyz-nesihat duşuşygy

28 Mart 2021
830

Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Paýtagt” Döwlet söwda merkezinde, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy önümçilik birleşiginde, “Aşgabatçörek” önümçilik birleşiginde we şol ministrligiň “Sümmül” dükanynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyklarda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, howpsuz araçägi saklamak, agyz-burun örtükleriniň ähmiýeti, möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleriň öňüni almak we goranmak, kadaly iýmitlenmek, öňüni alyş sanjymlaryň ähmiýeti, temmäki önümleriniň saglyga zyýany, köpçülikleýin öňüni alyş saglyk barlaglaryndan ýylda bir gezek geçmegiň ähmiýeti dogrusynda gürrüň beýan edildi.

Wagyz-nesihat çärelerinde çykyş edenler pasla görä geýinmek, möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleriň öňüni almak we goranmak hakynda durup geçdiler. Şeýle hem arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek we elleri arassa saklamak, howpsuz 2 metr araçägi saklamak we agyz-burun örtüklerini dogry ulanmagyň düzgünleri, miweleriň saglyga peýdasy, zähmetiň adamy gözelleşdirýändigi, bag ekmegiň saglyga peýdasy barada aýtdylar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar