"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, raýatlary ýokanç we beýleki dürli kesellerden goramak, olaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek boýunça bitirilen beýik işler berkarar Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürdi. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmek möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Ýokanç respirator keselleri hapa elleriň üsti bilen, talabalaýyk bişirilmedik tagamlardan, arassalanylmadyk iýmit önümlerinden geçip bilýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny biziň her birimiz öz durmuşymyzdan başlamalydyrys. Şonuň üçin hem her bir ata-ene öz çagalaryna gözegçilik etmelidir. Adamlar köp wagtyny öýleriniň içinde geçirip, arassa howa ýetmezçiligi netijesinde keselleýärler. Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy bilen köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini geçirip durmaly. Açyk howada gezelenç etmekligi öz şahsy durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Arassa howadan dem alm

Lukman maslahat berýär

Agyz-burun örtükleri üsgürilende ýa-da asgyrylanda adamyň tüýküliginiň daşa ýaýramagynyň, howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmaklygyny çäklendirmeli. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner.

Lukmanyň maslahaty

SAGLYK — GYMMATLY BAÝLYK Inçekesel ýokanç kesel bolup, ony döredýän Kohuň taýajyklary howa-damja ýoly bilen geçýär. Ylaýta-da inçekeselli näsag bar bolan maşgalalarda keseliň ýokuşmak töwekgelligi ýokary bolup durýar. Ol näsag asgyranda, üsgürende, gakylygyny tüýkürende, gürlände kesel döredijiler sagdyn adama howa arkaly aralaşýar. Çagalaryň arasynda inçekeseliň öýken görnüşi, limfa düwünleriniň inçekeseli, inçekesel meningiti, süňk-bogun ulgamynyň inçekeseli duş gelip, wagtynda ýüze çykarylan ýagdaýlarda gutarnykly bejerip bolýar.

Derde derman çomuç

Eziz Diýarymyzyň ösümlik dünýäsi dermanlyk melhemlere iňňän baýlygy bilen tapawutlanýar. Dermanlyk ösümlikleriň mekany bolan mukaddes ene topragymyzda keselleriň öňüni almakda we bejermekde möhüm serişde bolup hyzmat edýän ösümlikleriň ençeme görnüşi bardyr. Olaryň iň naýbaşylarynyň biri-de, gyzgyn Garagumuň jümmüşinde bitýän çomuçdyr. Çomuç gyzgyn çägede boý alyp, tylla Günüň nuruny, gyzgyn howanyň demini sorup ulalýar. Çomuç, esasan, iç kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Çomuç hakynda ata-babalarymyz: Çomujy gumuň,

Işjeň hereket — ömrüňe bereket

Bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyna, durnuklylygyna «immunitet» diýilýär. Adam bedenine daşky gurşawdan howa, iýmit, durmuş galtaşyklary arkaly del maddalar, ýagny mikroblar, wiruslar, bakteriýalar we beýleki kesel dörediji mikroorganizmler aralaşyp bilýär. Ýöne adam bedeniniň immun ulgamy gije-gündiziň dowamynda hereketde bolup, olara garşy göreşýär. Immuniteti ýokary adamlara howa şertleriniň birden üýtgemegi, magnit hadysasy ýaly ýagdaýlar onçakly güýçli täsir etmeýär. Olaryň immuniteti bu ýagdaýlara garşy berk durup, işjeň göreşýär. Immuniteti pugtalandyrmagyň iň ygtybarly usuly sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmekdir. Munuň üçin dogry iýmitlenmek, zyýanly endiklerden we nerw dartgynlylygyny döredýän ýagdaýlardan gaça durmak, işjeň hereket etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak zerurdyr.

Sagdyn iýmitlenmek

Ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesi halkymyzyň baş maksadyna öwrüldi. Häzirki döwürde ilatyň jan saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek meselesi döwlet syýasatynyň baş şerti bolup durýar. Döwletimizde ilatyň saglygyny gorap saklamak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak ugrundaky alnyp barylýan işler sazlaşykly we yzygiderli häsiýete eýe bolup, olar durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Ilaty elýeterli we ýokary hilli saglygy goraýyş kömegi hem-de hyzmatlary bilen üpjün etmäge, şypahanalar düzümini ösdürmäge, daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga, sporty ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, zyýanly endikleri ýok etmek, dürli keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, lukmançylyk ylmyny hem-de tejribesini ösdürmek, ulgama täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Adamyň saglygy üçin gerek bolan witaminler, ýokumly serişdeler, peýdaly minerallardyr maddalar iýmitiň üsti bilen geçýär. Şonuň üçin hem sagdyn iýmitlenmek biziň kesellere garşy göreşijilik ukybymyzy güýçlendirýär, dürli nähoşluklaryň öňüni alýar. Dogry iýmitlenmek, günü

Sagdynlyk — baş ýörelgämiz

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň guramagynda maslahat geçirildi. Onda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, ahlak arassalygy dogrusynda gürrüň edildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we kärdeşler arkalaşygynyň edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda bolan maslahatda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň barha rowaç alýan başlangyçlarydyr tutumly işleri dogrusynda gürrüň berdiler. Çykyşlarda ösüş-özgertmelere beslenen şeýle taryhy döwürde sagdyn durmuş ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermegiň, ýaramaz endiklerden daşda durmagyň we Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerine saldamly goşant goşmagyň möhümdigi barada aýratyn nygtalyp geçildi.

Arassa howada taplanmak

Arassa howa adamyň saglygyna ömürboýy täsir edip, onuň hemişe janynyň sag, ruhubelent ýaşamagyna hemaýat edýär. Munuň üçin daşarda gezim etmegiň uly ähmiýeti bar. Arassa howanyň saglyga peýdasy kändir. Günde birnäçe gezek otaglaryň howasyny çalşyp durmaly, arassa howada gezelenç etmeli. Arassa howada gezelenjiň uly ähmiýeti bar. Mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar günde 3-4 sagatdan az bolmadyk wagtyň dowamynda gezelenç etmelidirler. Şonda her dürli oýunlar oýnasalar örän ýaramlydyr.

Saglyk

ÝOKANÇ KESELLERDEN GORANMAGYŇ YGTYBARLY USULY Halkara guramalaryň doly hukukly agzasy bolup çykyş edýän döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda koronawirus pandemiýasynyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, oňa garşy göreşmekde we bu ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almakda toplumlaýyn çäreleri yzygiderli amala aşyrýar.

Eller arassa bolmaly

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek — kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usuly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar ellerde toplanýar, ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem, hajathanadan soň, nahar iýmezden öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň, elleri sabyn bilen ýuwmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda, adam bedeniniň kesele garşy göreş ukyby gowşaýar. Beden gowşan ýagdaýynda «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň döremegi ähtimal. Bu keselleriň hataryna ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Elleriň iki tarapyny hem barmaklaryň aralary bilen akar suwuň aşagynda sabynlap, azyndan 20 sekuntlap gowy edip ýuwmaly. Gowy durlanymyzdan soňra, süpürip guratmaly. Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly. Sabynyň antiseptik görnüşlerini ulanmak has netijelidir.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Sagdyn we bilimli nesil biziň aýdyň geljegimizdir. Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakynda aladalar hemme zatdan ýokarda goýlup, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini geçirmek, sporty has-da ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly üstünlikler gazanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesinden ugur alyp, okuwçylary hem-de ilatyň ähli gatlaklaryny sporta çekmek işi giňden ýaýbaňlandyrylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak ýaşlaryň beden taýdan berkäp,  dürli derejede guralýan sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmaklaryny we uly üstünlikler gazanmaklaryny üpjün edýär. Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar zerur bilimlere we başarnyklara eýe bolmak bilen bir hatarda, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, maksada okgunly bolmalydyr. Munuň üçin bolsa Garaşsyz, ba

Ynsan saglygy — ýurduň baýlygy

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklamagy ähli ildeşlerimizde, esasan-da, saglygy goraýyş işgärlerinde uly şatlyk döretdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ilatyň saglygyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de saglygy goraýşy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek maksady bilen kabul edilen bu resminama wezipeleriň uly toplumyny kesgitleýär.

Sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti

Durmuşda sagdyn ýaşamagyň esasy şertleriniň biri-de dogry iýmitlenmekdir. Dogry iýmitlenmek saglygymyza gönüden-göni täsir edip, bedenimizi güýçlendirýär hem-de onuň dürli kesellere garşy göreşijiligini artdyrýar. Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Biz Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Oguldursun Arapowanyň sagdyn hem-de dogry iýmitlenmegiň esasy düzgünleri dogrusyndaky maslahatyny size ýetirmegi makul bildik. ― Sagdyn bolmagymyz üçin dogry iýmitlenmegiň esasy düzgünlerini berk ýatda saklamalydyr. Iýmitiň energetiki gymmatlylygy bedeniň talaplaryna laýyk gelmelidir. Gerekli mukdardan az iýlende, beden özüne zerur bolan energiýany alyp bilmeýär. Artykmaç iýlende bolsa, bedene gereginden artyk energiýa düşýär. Uly adamyň bedeninde emele gelýän energiýanyň 55 — 75 göterimi bedendäki esasy madda çalşygyny goldamaga, 15 — 35 göterimi fiziki işleri ýerine ýetirmäge, 10 göterimi iýmiti siňdirmäge we özleşdirmäge sarp edilýär, 1 göterime ýakyny bolsa dokumalaryň ösüşini we emele gelmegini üpjün edýär. Her bir adamyň bedeniniň antropometrik görkezijilerine, ýaşyna, günüň dowamynda ýerine ýetirýän işine baglylykda sarp edýän energiýasyny ýörite

Saglygy goraýyş ulgamynyň batly gadamlary

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we işjeň wagyz edijisi bolmak bilen, saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn we yzygiderli kämilleşdirmek meselesine aýratyn üns berýär. Bagtyýarlyk döwrümizde bu wajyp ulgamyň ösdürilmegi, lukmanlaryň hünär ussatlygynyň kämilleşdirilmegi, öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş işlerine halkara tejribesiniň ornaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Indi diňe bir iri şäherlerde däl, eýsem, çetki obalarda hassahanalardyr saglyk öýlerinde hem hormatly Prezidentimiziň saglygy goramak baradaky taýsyz tagallalaryndan ugur alnyp, ilata ýokary hilli hyzmat edilýär. Has dogrusy, keseli anyklamak üçin ozalky ýaly merkeze gitmek zerurlygy ýüze çykmaýar. Biziň zähmet çekýän hassahanamyzda hem şeýle döwrebaplyk ýola goýlup, dünýäniň ösen tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylýar. Şolaryň biri hem merkeze Ýaponiýadan täze getirilen «SL — 450» atly çyraly enjamdyr. Ol göz kesellerini anyklamaga we bejermäge ýardam edýär. Enjamyň aýratynlygy göz kesellerini we döräp biläýjek käbir näsazlyklary dessine anyklaýandygyndan ybarat.

Arassaçylyk düzgünleriniň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegi keselleriň öňüni almaga, saglygyňyzy gorap saklamaga oňyn täsir eder

■ Her gün irden beden maşklaryny ýerine ýetirmeli! ■ Her gezek daşardan geleniňizde, naharlanmazdan öň we soň elleriňizi sabynlap ýuwmagy endik edinmeli!

Uzak ýaşamagyň syry nämede?

Onuň syry zähmetiň we dynç alşyň dogry guralmagynda, zyýanly endiklerden daşda bolmakda, sagdyn iýmitlenmekde, maşgala abadançylygyndadyr. Şol bir wagtyň özünde-de, uzak ýaşamaga ýaşaýyş-durmuş şertleri, ilatyň durmuş endikleriniň aýratynlygy täsir edýär. Muny geçirilen barlaglar hem tassyklaýar. Uzak ýaşaýanlaryň, adatça, degna işjeňligi güýçli we deňagramly bolýar. Aglaba gerontologlaryň pikirlerine görä, uzak ýyllaryň dowamynda ýaşaýşa ukybyň saklanylmagyny genetiki aýratynlyklar bilen hem şertlendirip bolar.

Bo­gun ke­sel­le­ri­niň öňü­ni Nä­dip al­ma­ly?

Bo­gun ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak üçin, il­ki bi­len, ola­ryň dö­re­me­gi­niň se­bäp­le­ri­ni bil­me­gi­miz ge­rek. Bo­gun­la­ryň ke­sel­le­ri köp­ta­rap­ly bo­lup, oňa şi­kes­ler­den baş­ga zy­ýan­ly en­dik­ler, nä­dog­ry al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş ýö­rel­ge­si se­bäp bo­lup bil­ýär. Eý­sem, bo­gun­la­ra nä­me­ler peý­da­ly bo­lup, onuň ke­sel­le­ri­niň öňü­ni alyp bi­ler? Il­ki bi­len, işi dynç alyş bi­len ut­gaş­dyr­ma­ly. Kä­bir ýag­daý­lar­da adam­lar ara­kes­me­siz, şol bir he­re­ket­de iş­le­ýär­ler. Bu en­di­ge öw­rü­len­de, dü­zet­mek aň­sat düş­me­ýär. Ýö­ne onuň ke­se­liň dö­re­me­gi­ne ýol aç­ýan­dy­gy­na hem dü­şün­me­gi­miz ge­rek. Me­se­lem, di­war reňk­leý­ji­niň çi­gin bo­gun­la­ryn­da, ti­kin­çi­niň go­şa­ryn­da, tür­gen­le­riň, köp­lenç, dyz bog­nun­da art­roz dö­räp bi­ler. Uzak wagt­lap yzy­gi­der­li ýö­re­mek ýa-da bir ýer­de dur­mak in­jik-da­ban we dyz bo­gun­la­ry­na ag­ram ber­ýär. Mu­nuň üçin uzak wagt­lyk bir­meň­zeş he­re­ket­ler bo­gun­la­ra ze­per ýe­tir­mez ýa­ly, her 45-60 mi­nut­dan 5 mi­nut ara­kes­me et­me­li we ýe­ňil maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Şeý­le-de a

Süýt we çaga

Süýt durmuşymyzda, esasan-da, çagalar üçin örän zerurdyr. Eýsem, ýaňy dünýä inen çaganyň hem ilkinji iýmiti süýt dälmi? Şol ýaşdan tä uly adamlara çenli lukmanlaryň hem berýän maslahaty süýt we süýt önümlerini ulanmakdan ybarat bolýar. Ol çaga üçin iň gerekli ýedi ýokumyň biri hasaplanylýar. Süýdüň düzümi kalsiý ýokumyna örän baý bolup, ol çaganyň süňkleriniň berkemeginde hiç zat bilen çalşyp bolmajak önümdir. Bir bulgur süýtde beden üçin zerur bolan kalsiniň dörtden bir bölegi saklanýar. Çaga günüň dowamynda 2 bulgur süýt içende, ol bedenine zerur kalsiniň 75 göterimini kabul edýär. Şeýle-de süýt bedeni 60 göterim fosfor we B2, B12, A, D, С ýokumlar bilen üpjün edýär.

Kakadylan ir-iýmişler

Bereketli türkmen topragymyzda ynsan saglygyna peýdaly bolan ir-iýmişleriň dürli görnüşleri ýetişýär. Ak bazarlarymyzda ýylyň ähli paslynda hem dürli ir-iýmişler bar. Adam bedenine zerur ýokumlary özünde jemleýän ir-iýmişleriň kakadylan görnüşleri hem örän peýdalydyr. Geliň, olaryň käbiri baradaky gymmatly maglumatlar bilen tanşalyň! Erik kişdesi: iň ýokumly ir-iýmişleriň biri bolmak bilen, ol esasan, ýürek-damar kesellerinde, ysgynsyzlykda bedeni gurplandyrmak üçin ulanylýar. Kişdäniň bäş-on sanysyny agşam ýatmazdan öňürti gaýnan suwa demläp, ir säherde ajöze içseň, ýürek-damarlaryny iýmitlendirmekde haýyrlydyr. Ol biziň milli tagamlarymyzy taýýarlamakda hem köp ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan

Halkymyzyň üzärlik bilen bagly döreden däp-dessurlarynyň özeni «Sakasy — saglyk» diýen aýtgyda jemlenendir. Üzärlikde haýra we şowlulyga ýol açýan güýç bar diýen ynam gadymy döwürlere degişlidir. Üzärlik saglygy goldaýjy, näsaglygyň öňüni alyjy serişde hökmünde bellidir. Biriniň eden işi hiç oňuna bolmaýarmyşyn. Çagalary hem çyrçykly bolup, dertden açylmandyr. Bu adam şeýle bir ejizläpdir. Aňyrsynda bäş şaýylyk zady galmandygy üçin, bir günem obanyň ýaşulusynyň ýanyna baryp, zeýrenmäge başlapdyr: