Sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti

29 Mart 2021
1119

Durmuşda sagdyn ýaşamagyň esasy şertleriniň biri-de dogry iýmitlenmekdir. Dogry iýmitlenmek saglygymyza gönüden-göni täsir edip, bedenimizi güýçlendirýär hem-de onuň dürli kesellere garşy göreşijiligini artdyrýar. Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Biz Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Oguldursun Arapowanyň sagdyn hem-de dogry iýmitlenmegiň esasy düzgünleri dogrusyndaky maslahatyny size ýetirmegi makul bildik.

― Sagdyn bolmagymyz üçin dogry iýmitlenmegiň esasy düzgünlerini berk ýatda saklamalydyr. Iýmitiň energetiki gymmatlylygy bedeniň talaplaryna laýyk gelmelidir. Gerekli mukdardan az iýlende, beden özüne zerur bolan energiýany alyp bilmeýär. Artykmaç iýlende bolsa, bedene gereginden artyk energiýa düşýär. Uly adamyň bedeninde emele gelýän energiýanyň 55 — 75 göterimi bedendäki esasy madda çalşygyny goldamaga, 15 — 35 göterimi fiziki işleri ýerine ýetirmäge, 10 göterimi iýmiti siňdirmäge we özleşdirmäge sarp edilýär, 1 göterime ýakyny bolsa dokumalaryň ösüşini we emele gelmegini üpjün edýär. Her bir adamyň bedeniniň antropometrik görkezijilerine, ýaşyna, günüň dowamynda ýerine ýetirýän işine baglylykda sarp edýän energiýasyny ýörite jedweliň kömegi bilen hasaplamak bolýar.

Beýleki habarlar