Bo­gun ke­sel­le­ri­niň öňü­ni Nä­dip al­ma­ly?

29 Mart 2021
961

Bo­gun ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak üçin, il­ki bi­len, ola­ryň dö­re­me­gi­niň se­bäp­le­ri­ni bil­me­gi­miz ge­rek. Bo­gun­la­ryň ke­sel­le­ri köp­ta­rap­ly bo­lup, oňa şi­kes­ler­den baş­ga zy­ýan­ly en­dik­ler, nä­dog­ry al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş ýö­rel­ge­si se­bäp bo­lup bil­ýär. Eý­sem, bo­gun­la­ra nä­me­ler peý­da­ly bo­lup, onuň ke­sel­le­ri­niň öňü­ni alyp bi­ler?

Il­ki bi­len, işi dynç alyş bi­len ut­gaş­dyr­ma­ly. Kä­bir ýag­daý­lar­da adam­lar ara­kes­me­siz, şol bir he­re­ket­de iş­le­ýär­ler. Bu en­di­ge öw­rü­len­de, dü­zet­mek aň­sat düş­me­ýär. Ýö­ne onuň ke­se­liň dö­re­me­gi­ne ýol aç­ýan­dy­gy­na hem dü­şün­me­gi­miz ge­rek. Me­se­lem, di­war reňk­leý­ji­niň çi­gin bo­gun­la­ryn­da, ti­kin­çi­niň go­şa­ryn­da, tür­gen­le­riň, köp­lenç, dyz bog­nun­da art­roz dö­räp bi­ler. Uzak wagt­lap yzy­gi­der­li ýö­re­mek ýa-da bir ýer­de dur­mak in­jik-da­ban we dyz bo­gun­la­ry­na ag­ram ber­ýär. Mu­nuň üçin uzak wagt­lyk bir­meň­zeş he­re­ket­ler bo­gun­la­ra ze­per ýe­tir­mez ýa­ly, her 45-60 mi­nut­dan 5 mi­nut ara­kes­me et­me­li we ýe­ňil maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­li. Şeý­le-de az wagt­lyk haý­sy­dyr bir baş­ga iş bi­len meş­gul­lan­ma­ly.

Bä­şim NAZAROW,
we­la­ýat ýö­ri­te­leş­di­ri­len psi­hi­at­ri­ýa has­sa­ha­na­sy­nyň luk­ma­ny.
Beýleki habarlar