Arassaçylyk — saglygyň girewi

31 Mart 2021
967

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutmak, raýatlary ýokanç we beýleki dürli kesellerden goramak, olaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak, halkymyzyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek boýunça bitirilen beýik işler berkarar Diýarymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürdi. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmek möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Ýokanç respirator keselleri hapa elleriň üsti bilen, talabalaýyk bişirilmedik tagamlardan, arassalanylmadyk iýmit önümlerinden geçip bilýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Bu islendik pursatda zerurdyr, muny biziň her birimiz öz durmuşymyzdan başlamalydyrys. Şonuň üçin hem her bir ata-ene öz çagalaryna gözegçilik etmelidir.

Adamlar köp wagtyny öýleriniň içinde geçirip, arassa howa ýetmezçiligi netijesinde keselleýärler. Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy bilen köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglaryň howasyny çalşyp, ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini geçirip durmaly. Açyk howada gezelenç etmekligi öz şahsy durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Arassa howadan dem almagyň adam saglygy üçin peýdalydygyny ýatdan çykarmaly däldiris.

Käkilik SARYÝEWA,
Aşgabat şäher hassahanasynyň baş lukmany, şäher Halk Maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar