Sagdyn iýmitlenmek

30 Mart 2021
1057

Ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesi halkymyzyň baş maksadyna öwrüldi. Häzirki döwürde ilatyň jan saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek meselesi döwlet syýasatynyň baş şerti bolup durýar. Döwletimizde ilatyň saglygyny gorap saklamak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak ugrundaky alnyp barylýan işler sazlaşykly we yzygiderli häsiýete eýe bolup, olar durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Ilaty elýeterli we ýokary hilli saglygy goraýyş kömegi hem-de hyzmatlary bilen üpjün etmäge, şypahanalar düzümini ösdürmäge, daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga, sporty ýaýbaňlandyrmaga gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, zyýanly endikleri ýok etmek, dürli keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, lukmançylyk ylmyny hem-de tejribesini ösdürmek, ulgama täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Adamyň saglygy üçin gerek bolan witaminler, ýokumly serişdeler, peýdaly minerallardyr maddalar iýmitiň üsti bilen geçýär. Şonuň üçin hem sagdyn iýmitlenmek biziň kesellere garşy göreşijilik ukybymyzy güýçlendirýär, dürli nähoşluklaryň öňüni alýar. Dogry iýmitlenmek, günüň dowamyndaky iýmitleniş kadasyny witaminlere baý önümler bilen düzmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, sport bilen meşgullanmak sagdyn ýaşamagyň esasy şertidir. Witaminler bedeniň kadaly ösmegi we beden agzalarynyň sazlaşykly işlemegi üçin zerur maddalardyr. Madda çalşygy hadysasynda iýmitiň siňdirilmegine witaminleriň täsiri uludyr. Witamin ýetmezçiliginde madda çalşygy bozulýar, beden agzalarynyň we ulgamlaryň dolandyrylyş işi we işjeňligi peselýär.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar