Süýt we çaga

29 Mart 2021
825

Süýt durmuşymyzda, esasan-da, çagalar üçin örän zerurdyr. Eýsem, ýaňy dünýä inen çaganyň hem ilkinji iýmiti süýt dälmi? Şol ýaşdan tä uly adamlara çenli lukmanlaryň hem berýän maslahaty süýt we süýt önümlerini ulanmakdan ybarat bolýar. Ol çaga üçin iň gerekli ýedi ýokumyň biri hasaplanylýar.

Süýdüň düzümi kalsiý ýokumyna örän baý bolup, ol çaganyň süňkleriniň berkemeginde hiç zat bilen çalşyp bolmajak önümdir. Bir bulgur süýtde beden üçin zerur bolan kalsiniň dörtden bir bölegi saklanýar. Çaga günüň dowamynda 2 bulgur süýt içende, ol bedenine zerur kalsiniň 75 göterimini kabul edýär. Şeýle-de süýt bedeni 60 göterim fosfor we B2, B12, A, D, С ýokumlar bilen üpjün edýär.

Nigara BERDIÝEWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar