"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Möwsümleýin kesellerden goranalyň

Dem alyş ýollarynyň sowuklamasy köplenç halatda daşky howadaky zyýanly mikroorganizmleriň, wiruslaryň, kömelejikleriň bedene düşmegi bilen döräp bilýär. Kesel näsag adamdan gapdalyndaky adama howa-damja ýoly bilen geçip bilýär. Lukmanlarymyz bu keseli başga wiruslaryň döredýändigini we soňlugy bilen bakteriýalaryň, kömelejikleriň üsti bilen ýaýramagyny dowam edýändigini belleýärler. Sowuklama ýylyň islendik paslynda-da döräp bilýän kesel bolup, esasan-da, möwsümde has-da güýjeýär. Howanyň biraz ýylamagynyň netijesinde onuň üýtgemegi bilen adamlaryň köpüsi talabalaýyk geýinmeýärler. Daşardan gyzyp gelip, sowuk suw içip, penjiräni ýa-da gapyny açyp, bir wagtda şemalyň ugrunda durup, bedeniň hem-de ýokary dem alyş ýollarynyň keselleri bilen keselleýärler. Sepgit döwründe biz saglygymyza has-da köp üns bermelidiris.

Ýaşyl ýaýlanyň nygmaty

Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynda ysmanak we onuň ähmiýeti barada giňden beýan edilýär. Baharyň gelmegi bilen, ýaýlalarymyz ýaşyl ýapynjasyny ýapynyp, parç bolup gögeren otlary bilen bereket-rysgal eçilýär. Ýuwa, ýelmik, selme, ysmanak ýaly otlar-a gözüňe has-da üýtgeşik görünýär. Şol otlaryň içinde ilkinjileriň hatarynda ýapraklaryny ýaýyp, ysmanak peýda bolýar. Olary ýygmagyň hem öz hezilligi bar. Arly gyşdan soň diňe mal-garalar däl, ynsanlar hem gögi küýseýär. Onsoň üýşüp-üýşüp meýdana ysmanak ýygmaga gidilýär. Edil häzirki wagt hem ysmanak ýygmagyň möwsümi hasaplanylýar. Hawa, ýurdumyzyň topragynda bitýän ösümlikler tebigy maddalara baý bolup, olar bedende ýeňil özleşýär. Şol ösümlikleriň arasynda mynasyp orun alan ysmanakdan taýýarlanylýan tagamlary ýaşululardyr ýaşkiçiler işdämenlik bilen iýýärler. Irki wagtlarda hem adamlaryň bahar paslynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşmaklarynyň düýp sebäbini her dürli otlary iýmit hökmünde we derman üçin ulanýandyklary bilen düşündirmek bolar. Gök otlaryň düzüminde adam organizmi üçin iň zerur maddalar — witaminler, beloklar, ýaglar, uglewodlar, mineral duzlar we beýleki mikroelementleriň barlygy hem bireýýäm ýüze çykaryl

Turp — sagdyn durk

Turp müňlerçe ýyl bäri ynsan üçin iýmit, şonuň bilen bir wagtda-da dürli dertleriň dermany bolup gelýär. Ylmyň tassyklamagyna görä, ony ilki bilen müsürliler ýetişdirip ugrapdyrlar. Şonuň ýaly-da olar turpuň tohumyndan ýag almagy ilki bolup öwrenipdirler. Soňlugy bilen bu ösümlik Gadymy Gresiýa, Rime gelip ýetýär. Taryhy ýazgylarda aýdylyşyna görä, rimliler bu ösümlige uly baha berip, onuň tohumyny altyna barabar hasaplapdyrlar. Bu bolsa turpuň peýdaly taraplarynyň diýseň köpdügi bilen düşündirilýär. Düzüminde köp mukdarda kükürdiň jemlenendigi sebäpli, mikroba garşylyk görkezmek ukyby turpa şeýle uly baha berilmeginiň ilkinji sebäpleriniň biridir. Grekler we rimliler ony öýken, böwrek kesellerini bejermekde peýdalanypdyrlar.

Saglygym — baýlygym

Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda «Iň uly baýlyk — baş saglyk» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdy. Ýaşlaryň sagdyn bedenli bolmagyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak, dürli kesellere garşy ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar boldy. Her bir adamyň şahsy arassaçylygyň talaplaryny berjaý etmeginiň, sagdyn iýmitlenmeginiň, bedenterbiýe-sport bilen yzygiderli meşgullanmagynyň möhümdigi baradaky gürrüňe ünsi çekip, duşuşykda çykyş edenler ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny bellediler.

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

Ýiti respirator keseli diýlip adamyň dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Wiruslaryň döredýän bu keseli, esasan pasyl çalyşmagynda — baharda, güýzde, umuman, ýylyň ähli möwsüminde ýüze çykyp bilýär. Dem almagyň kynlaşmagy ýa-da burnuň akmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklyk onuň ilkinji alamatlarydyr. Ýiti respirator keseli bilen kesellän adam daş-töweregindäkilere ýokuşmazlygy üçin bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli alyp barmaly. Dogry iýmitlenip, bedenterbiýe bilen meşgullanmaly. Ylgamak, ýöremek, maşklary ýerine ýetirmek arkaly hemişe bedeniňi taplamak peýdalydyr.

Ýo­ga

Häzirki durmuşynda ýoga uly ähmiýet berilýär. Ýoga Hindistandan bize gelen gadymy ruhy tejribedir. Adamyň tutuş barlygyna täsir edýän ýoga sekiz ädimden: ahlak ýörelgelerini berjaý etmekden, beden bilen işlemekden, dem almakdan, psihikany we aňy dolandyrmak üçin has inçe usullardan ybaratdyr. Ýoga, esasan, beden bilen işlemek diýmekdir. Onda bedeni berkitmäge we rahatlandyrmaga, fiziki sazlaşygy gazanmaga gönükdirilen maşklar toplumy jemlenendir. Ýoga çydap bolmaýan zady nädip bejermelidigini we bejerip bolmaýan zatlara nädip çydam etmelidigini öwredýär. Mundan başga-da onuň peýdalary sanardan kän. Ol saglygy ýokarlandyrmaga, arka we boý agyrylaryny azaltmaga, agramy kadaly ýagdaýa getirmäge, keýpiňi gowulaşdyrmaga, nerw damarlaryňy gowşatmaga, bedeniň çydamlylygyny we immuniteti ýokarlandyrmaga, ukyňy kadaly almaga ýardam edýär. Ýoga bilen meşgullanýan adam bagt we rahatlyk duýgusyny başdan geçirýär.

Beýik maksatly işler

«Mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmek, raýatlarymyzyň ömrüni uzaltmak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere, beýik sepgitlere ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty innowasiýalar hem-de dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ösýär, keselleriň öňüni almakda, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.

Diş-äň anomaliýaly çagalarda üznüksiz kataral gingiwitiň döremeginde garyşyk sülekeýdäki mikrofloranyň orny

Stomatologiki keselleriň arasynda ýygylygy we ýaýraýşy boýunça parodont keselleri ilkinji orunlaryň birini eýeleýär, şunuň bilen baglylykda BSGG-niň berýän maglumatlaryna laýyklykda, keselçilik, köplenç ýagdaýlarda yssy-gurak howaly ýurtlardaky adamlarda ýokary sanlara eýedigi bellenýär [12, 13, 15]. Çagalarda üznüksiz kataral gingiwitiň (ÜKG) döreýiş sebäpleri doly öwrenilmedik bolup, onuň patogenezinde birnäçe faktorlaryň, bakterial patogenleriň, agyz boşlugynyň goraýyş mehanizminiň ýagdaýy we somatiki statusynyň, agyz boşlugynyň mikroflorasy bilen öjükdirilen gaýnaglama reaksiýasynyň (mikrobly biologiki perdejik, dişleriň çökündileri, kesmekleri) orun tutýandygyny soňky ýyllaryň ylmy barlaglarynyň netijeleri subut etdi [2, 10, 14, 16]. Köp sanly ylmy edebiýatlaryň maglumatlaryna laýyklykda, agyz boşlugyndaky biologiki perdejigiň emele gelmeginde esasy orun biosuwuklygyň, garyşyk sülekeýiň (GS) we dişeti suwuklygynyň paýyna düşýär [8, 10, 11]. ÜKG-iň döremegine itergi berýän faktorlaryň arasynda esasy aýratyn orun agyz boşlugynyň mikrobiosenozynyň üýtgemegi bilen diş-äň anomaliýasynyň (DÄA) bolmagyna berilýär [3, 4]. Bu ýagdaýlarda mikroorganizmleriň köpelmegi we köp wagtlap saklanmagy üçin şertleriň biri mikroblaryň sülekeý akymy bilen ýuwulmagynyň kynlaş

Gursagara täze döremelerinde geçirilýän anyklaýyş we bejeriş usullary

Gursagara täze döremeleriniň (GTD) morfologiki taýdan köp dürlüligi sebäpli, olaryň kliniki akymy we bejeriş usullarynyň netijeleri biri-birinden tapawutlanýar. GTD ähli çişleriň 3-7%-ni düzýär we näsaglaryň 80%-de howply däl we 20%-de bolsa, howply täze döremeler (HTD) kesgitlenilýär [1]. GTD-den bolan keselleýjilik soňky 25 ýylyň dowamynda uly adamlarda mediastinal limfomalaryň hasabyna 25%-den 49%-e çenli, çagalarda bolsa, bu görkeziji howply neýrogen täze döremeleriň hasabyna 7%-den 47%-e çenli ýokarlandy [2, 3, 5]. GTD-niň aglabasy 20-40 ýaş aralygyndaky adamlarda bellenilýär we olaryň zähmete ukyply döwrüne gabat gelýär. Nazaryýet we amaly onkologiýada GTD-niň birnäçe klassifikasiýasy ulanylýar we bu täze döremeler üç topara, ýagny howply, howpsuz döremeler we täze döremä meňzeş emele gelmelere bölünýär.

Plasentanyň öňde ýerleşmegi we bitişip ösmegi ýagdaýynda agzasaklaýjy operasiýalar

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak esasy orny tutýar. Eneleriň saglygyny goramakda wajyp meseleleriň biri hem akuşer gan akmalaryň öňüni almak bolup durýar. Akuşer gan akmalarynyň meseleleri irki döwürlerden bäri lukmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Bular baradaky ilkinji maglumatlar orta asyrlar döwründen bäri öwrenilip gelinýär. Lukmançylyk ylmynyň, aýratyn hem akuşerçilik ylmynyň ösýänligine garamazdan, ene ölümçiligi häzirki döwürde amaly akuşerçilikde iň wajyp meseleleriň biri bolup galýar. Ene ölümçiliginiň gurluşynda akuşer gan akmalary öňdebaryjy orunlaryň birini eýeläp, 20-25% ýagdaýlarda olaryň esasy sebäbi, utgaşyp gelýän sebäp hökmünde 42% -de, fon sebäp hökmünde 78% -de bolup durýar [1, 2].

Bagyr sirrozly näsaglarda portal gemodinamikanyň üýtgemegi

Bagryň dowamly diffuz keselleriniň gizlin, alamatsyz geçmegi olaryň giçki döwürlerinde anyklanylmagyna we bagryň sirrozynyň (BS) emele gelmegine getirýär. Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, Ýewropa ýurtlarynda BS-dan ölümçilik 1,8%-e deň bolýar, bu öz gezeginde 170000 adama gabat gelýär. Bagryň alkogol bilen zeperlenmelerinden ýylda 2,5 million adam heläk bolýar, olaryň arasynda 320000 töweregi 15-29 ýaş aralykdaky adamlardyr [8, 9]. BS-ly näsaglaryň ölüminiň sebäbi, köplenç, portal gipertenziýa (PG) sindromynyň gaýraüzülmeleri bolup durýar. Olaryň arasynda gyzylödegiň giňelen wena damarlaryndan gan akmalar 40%, bagyr ensefalopatiýa 30%, infeksion gaýraüzülmeler (pnewmoniýalar, spontan bakterial peritonit, peşew çykaryş ulgamynyň infeksiýalary) 30% ýagdaýda duş gelýär [4, 7]. BS-nyň gaýraüzülmeleriniň arasynda gepatosellýulýar karsinoma aýratyn orny eýeleýär. Gepatosellýulýar karsinoma onkologiki keselleriň arasynda altynjy ýeri eýeleýär we onkologiki ölümçiligiň sebäpleriniň arasynda dördünji ýerde durýar [5, 6]. Bagyr içki gan aýlanyşynyň bozulmalary bagyr keselleriň patogenezinde uly orun tutýar. Bagyr keselleriň irki anyklanylmagynda portal ulgamynyň damarlarynyň ultrases dopplerografiýasy hem elýeterli, hem inwaziw däl usullaryň bi

Çagalarda miopiýa keseliniň häzirki zaman anyklanyşy

Miopiýa keseli kliniki görnüşiniň dürlüligi, biomehaniki, gan damar we madda çalşyk sebäpleri öz içine alýan patogeneziniň çylşyrymlylygy, irki anyklaýşyň we bejerginiň kynçylygy we keseliň lukmançylyk we jemgyýetçilik ähmiýetliligi bilen häsiýetlendirilýär [1-3]. Çagalarda miopiýanyň ösüşini öz wagtynda ýüze çykarmak mümkinçiligi, esasan, häsiýetli kliniki alamatlar ýüze çykmazdan ozal, gözüň düýbüniň entek kliniki ýüze çykmadyk üýtgemelerini ir wagtda anyklamagyň mümkinçilikleriniň çäkliligi bilen baglanyşyklydyr [4, 5]. Optiki kogerent tomografiýanyň (OKT) ulanylmagy lukmançylyk tejribesinde birinji sapar gözüň torly we gan damar gatlaklarynyň takyk, hil we mukdar taýdan baha bermäge mümkinçilik berýär, miopiýa keselinde gözüň düýbüniň dürli gatlaklaryny in vivo morfometriki barlagy geçirmäge uly ýardam berýär [4]. Häzirki wagtda bu ugurdaky lukmançylyk ylmy işler uly ýaşly näsaglarda geçirildi hem-de bu işler ulgamlaýyn häsýete eýe bolman, bir kada getirilmedikdir [3]. Işiň maksady – çagalarda miopiýa keseliniň ösüşiniň morfometrik anyklaýyş alamatlaryny gözüň düýbüniň optiki kogerent tomografiýa usuly arkaly ýüze çykarmak.

Aralyň ekologiki oňaýsyz ýagdaýynyň ilatyň saglygyna täsiri

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ekologiki syýasatynda ileri tutulýan wezipeler keselleriň öňüni almaklyga we sagaldyş çärelerini işläp düzmeklige gönükdirilip, tebigatyň adam bedenine ýetirýän islenilmeýän täsirleriniň öňüni almak bolup durýar. Aral deňziniň ekologiki oňaýsyz ýagdaýy Orta Aziýanyň 60 millionly ilatyna we 25 mln gektarly meýdanyna täsir edýär [2, 10]. Adamlaryň saglyk ýagdaýyna we durmuşynyň hiline negatiw täsir edýän mydamalyk ekologiki howply zolagyna, diňe deňzi gurşap alýan Gazagystan we Özbegistan döwletleriniň çägi degişli bolman, eýsem, olaryň üsti bilen Türkmenistanyň çägi hem degişli boldy.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Böwrek daş keseliniň häzirkizaman anyklaýyş usullary

Böwrek daş keseli (BDK) örän giň ýaýran keselleriň hataryna girýär. Öz ýygylygy boýunça urologik keselleriň arasynda bu kesel peşew ýollarynyň alawlamasyndan soň, ikinji orunda durýar. Bu kesel ilatyň azyndan 3%-de duş gelýär we onun ýaýraýşy Ýer şarynyň dürli ýurtlarynda tapawutlanýar, mysal üçin, nefrolitiaz bilen keselleýjilik, ortaça Aziýada 1-5%-e, Ýewropada 5-9%-e, Demirgazyk Amerikada 13%-e we Saud Arabystanda 20%-e çenli we onuň ähli regionlarda köpelýändigi bellenýär [2, 4, 6-10]. Nefrolitiaz bilen ejir çekýän näsaglar urologiýa bölümleriniň näsaglarynyň 30-40%-ni düzýär. Kesel, köplenç, adamlaryň işe ukyply döwründe (30-50 ýaş) duş gelýär. Anyklanyşynda we bejerilişinde ýetilen uly sepgitlere garamazdan, bu kesel urologlaryň we umumy ugurda işleýän lukmanlaryň amaly işinde möhüm orny eýelemegi dowam edýär [2, 4, 5]. BDK-nyň anyklanylyşynda subýektiw we obýektiw, umumy kliniki usullar deslapky kesel kesgidini anyklamakda esasy maglumat beriji usullar bolmagynda galýar.

Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy

Halkymyz ähli döwürlerde saglygy dünýe malyndan ileri tutup, berk bedenli we sagdyn ruhly nesli kemala getirmäge uly ähmiýet beripdir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Türkmençilikde käteler gepiň äheňinden many alybam «Saglykmy?» diýilýär. Şeýle diýilmegi saglygyň ilkinji hem-de esasy gymmatlykdygynyň jemgyýetçilik ykrar edilmesini aňladýar» diýen setirler beýan edilipdir. Alym Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly eserinde bolsa: «Ylym ruhy baýlyk, saglyk bedeniň ýaraşygydyr. Çünki her bir baýlygyň bahasy janyň saglygynda duýulýar, yhlasyň rehneti görülýär. Bedeniň kadaly hereketi saglyk üçin örän wajypdyr» diýmek bilen, ynsan üçin saglygyň baş baýlykdygyny belläp geçýär. Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülip, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Örän gysga döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işler, iri taslamalar amala aşyryldy. Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport desgalary, atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, spor

Saglyk başlara täç bolsun!

Bezeg daşlarynyň adam bedenine ýetirýän täsiri Ametist daşy

Aterosklerotik stenozly oňurga arteriýalaryň stentirlenmegi

Dowamly serebrowaskulýar ýetmezçiligi (DSÝ) häzirki wagtda ilatyň ölümçiliginiň we maýyplygynyň esasy sebäpleriniň biridir [1, 6]. DSÝ, köplenç, karotid arteriýalarynyň patologiýasy sebäpli ýüze çykýar, ikinji orunda oňurga arteriýalaryň (OA) okklýuziw-stenotik zeperlenmeleri durýar we olar wertebro-bazilýar ýetmezçilik sindromynyň (WBÝ) döremegine sebäp bolýar [2,5]. Oňurga arteriýalarynyň (OA) zeperlenmesiniň iň ýygy sebäpleri ateroskleroz, spesifiki däl aorto-arterit we patologiki gyşarmalar bolup durýar. Soňkusy ýaşuly adamlara, ateroskleroz bilen bilelikde geçýän arterial gipertoniýaly näsaglar üçin hem häsiýetlidir [3]. OA-nyň patologiki gyşarmasyz, izolirlenen okklýuziw-stenotik zeperlenmeleri Iň köp duşýan görnüşidir. Keseliň mahsus kliniki alamatlarynyň bolmazlygy sebäpli, WBÝ, köplenç, giçki döwürlerde ýüze çykarylýar ýa-da serebrowaskulýar gan aýlanyşygyň bozulmagy hadysalarynyň döremegi bilen anyklanýar [4,7]. Okklýuziw-stenoz zeperlenmeleri bejermegiň esasy usullaryndan biri OA-da geçirilýän açyk operasiýalardyr, ýöne häzirki wagtda oňa möhüm alternatiw usullar angioplastika we stentirleme operasiýalary amalyýete ornaşdyrylýar.

Öýkeniň arteriowenoz anewrizmasy

Öýkeniň arteriowenoz anewrizmasy dogabitdi keseldir. Çaganyň embrional döwründe öýken arteriýasynyň we wenasynyň kadaly emele gelmeginde ýüze çykýan bozulmalaryň netijesinde, arteriýa we wena damarynyň arasynda dogabitdi anastomoz emele gelýär. Netijede, öýken arteriýasyndaky wenoz gan kislorod bilen baýlaşmaýar we alweolalarda kislorodlaşmadyk gan anewrizmanyň ugry boýunça öýken arteriýa ulgamyna düşýär. Näsagyň ganynyň kisloroda baýlaşmagy peselýär, gipoksiýa ýüze çykýar [3, 4]. Kesel örän seýrek duşýar, ýagny her 100000 adamdan 2-3 näsag gabat gelýär [5]. Uzak wagtlap kesel az alamatly ýa-da alamatsyz geçýär. Näsagy howa ýetmezlik bimaza edýär, onuň dodagy, ýüzi gögümtil reňkde (sianoz) bolýar, gakylykda gan goşundysy bolýar, barmaklarynyň ujy depregiň taýajyklaryna meňzeş bolýar, ganynda eritrositleriň mukdary köpelýär [1, 2]. Amaly işimizde duşan wakamyzy beýan edýäris.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!