Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy

14 Aprel 2021
874

Halkymyz ähli döwürlerde saglygy dünýe malyndan ileri tutup, berk bedenli we sagdyn ruhly nesli kemala getirmäge uly ähmiýet beripdir. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Türkmençilikde käteler gepiň äheňinden many alybam «Saglykmy?» diýilýär. Şeýle diýilmegi saglygyň ilkinji hem-de esasy gymmatlykdygynyň jemgyýetçilik ykrar edilmesini aňladýar» diýen setirler beýan edilipdir. Alym Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly eserinde bolsa: «Ylym ruhy baýlyk, saglyk bedeniň ýaraşygydyr. Çünki her bir baýlygyň bahasy janyň saglygynda duýulýar, yhlasyň rehneti görülýär. Bedeniň kadaly hereketi saglyk üçin örän wajypdyr» diýmek bilen, ynsan üçin saglygyň baş baýlykdygyny belläp geçýär.

Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülip, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Örän gysga döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaýyn işler, iri taslamalar amala aşyryldy. Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport desgalary, atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, şeýle hem, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şonuň bilen birlikde, paýtagtymyz Aşgabatda we welaýat merkezlerinde öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary gurmak, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrundaky işler batly depginde alnyp barylýar.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar