Aterosklerotik stenozly oňurga arteriýalaryň stentirlenmegi

14 Aprel 2021
1466

Dowamly serebrowaskulýar ýetmezçiligi (DSÝ) häzirki wagtda ilatyň ölümçiliginiň we maýyplygynyň esasy sebäpleriniň biridir [1, 6]. DSÝ, köplenç, karotid arteriýalarynyň patologiýasy sebäpli ýüze çykýar, ikinji orunda oňurga arteriýalaryň (OA) okklýuziw-stenotik zeperlenmeleri durýar we olar wertebro-bazilýar ýetmezçilik sindromynyň (WBÝ) döremegine sebäp bolýar [2,5]. Oňurga arteriýalarynyň (OA) zeperlenmesiniň iň ýygy sebäpleri ateroskleroz, spesifiki däl aorto-arterit we patologiki gyşarmalar bolup durýar. Soňkusy ýaşuly adamlara, ateroskleroz bilen bilelikde geçýän arterial gipertoniýaly näsaglar üçin hem häsiýetlidir [3]. OA-nyň patologiki gyşarmasyz, izolirlenen okklýuziw-stenotik zeperlenmeleri Iň köp duşýan görnüşidir. Keseliň mahsus kliniki alamatlarynyň bolmazlygy sebäpli, WBÝ, köplenç, giçki döwürlerde ýüze çykarylýar ýa-da serebrowaskulýar gan aýlanyşygyň bozulmagy hadysalarynyň döremegi bilen anyklanýar [4,7].

Okklýuziw-stenoz zeperlenmeleri bejermegiň esasy usullaryndan biri OA-da geçirilýän açyk operasiýalardyr, ýöne häzirki wagtda oňa möhüm alternatiw usullar angioplastika we stentirleme operasiýalary amalyýete ornaşdyrylýar.

Alihan BERDIÝEW, Sapar ANNAMUHAMMEDOW, Jahan MEREDOWA, Geldi PYGAMOW, Nurjahan BEGLIÝEWA, Maýsa AMANOWA, Gülşirin ÝAZLAKOWA
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkezi
Beýleki habarlar