Gursagara täze döremelerinde geçirilýän anyklaýyş we bejeriş usullary

15 Aprel 2021
1491

Gursagara täze döremeleriniň (GTD) morfologiki taýdan köp dürlüligi sebäpli, olaryň kliniki akymy we bejeriş usullarynyň netijeleri biri-birinden tapawutlanýar. GTD ähli çişleriň 3-7%-ni düzýär we näsaglaryň 80%-de howply däl we 20%-de bolsa, howply täze döremeler (HTD) kesgitlenilýär [1]. GTD-den bolan keselleýjilik soňky 25 ýylyň dowamynda uly adamlarda mediastinal limfomalaryň hasabyna 25%-den 49%-e çenli, çagalarda bolsa, bu görkeziji howply neýrogen täze döremeleriň hasabyna 7%-den 47%-e çenli ýokarlandy [2, 3, 5]. GTD-niň aglabasy 20-40 ýaş aralygyndaky adamlarda bellenilýär we olaryň zähmete ukyply döwrüne gabat gelýär.

Nazaryýet we amaly onkologiýada GTD-niň birnäçe klassifikasiýasy ulanylýar we bu täze döremeler üç topara, ýagny howply, howpsuz döremeler we täze döremä meňzeş emele gelmelere bölünýär.

Güýç KAKABAÝEW, Şirmuhammet ORUNOW
Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi
Beýleki habarlar