Möwsümleýin keselleriň öňüni almak

15 Aprel 2021
1098

Ýiti respirator keseli diýlip adamyň dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Wiruslaryň döredýän bu keseli, esasan pasyl çalyşmagynda — baharda, güýzde, umuman, ýylyň ähli möwsüminde ýüze çykyp bilýär.

Dem almagyň kynlaşmagy ýa-da burnuň akmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, ysgynsyzlyk, umumy gowşaklyk onuň ilkinji alamatlarydyr. Ýiti respirator keseli bilen kesellän adam daş-töweregindäkilere ýokuşmazlygy üçin bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini yzygiderli alyp barmaly. Dogry iýmitlenip, bedenterbiýe bilen meşgullanmaly. Ylgamak, ýöremek, maşklary ýerine ýetirmek arkaly hemişe bedeniňi taplamak peýdalydyr.

Maýagözel ASTANOWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar