Beýik maksatly işler

15 Aprel 2021
1476

«Mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmek, raýatlarymyzyň ömrüni uzaltmak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere, beýik sepgitlere ýetýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty innowasiýalar hem-de dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ösýär, keselleriň öňüni almakda, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.

Beýleki habarlar