"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Möwsümleýin näsaglykdan goranalyň!

Agyz-burun örtükleri üsgürilende ýa-da asgyrylanda adamyň tüýküliginiň daşa ýaýramagynyň, howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmaklygyny çäklendirmeli. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner.

Lukmanyň maslahatlary

Zehinli talyplaryň üstünlikleri

Kesellerden goranmak üçin

Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy zerarly, şeýle-de möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak üçin lukmanlar aşakdaky düzgünleri berjaý etmegi maslahat berýärler: — Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur.

Lukmanyň maslahaty

Agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly. * * *

Ruhubelentlik saglykdan başlanýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ajaýyp senelere – merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna golaýladýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherinde baýramçylyklary mynasyp bellemek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Milli Liderimiz tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar. Ilatyň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýär. Uzak möhletleýin geljegi nazarda tutup, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan täze şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Keselleriň öňüni almakda sportuň ähmiýeti

Bedenterbiýe, sport we saglyk ynsan durmuşynda möhüm gymmatlykdyr. Şonuň üçin bedeni taplamak örän wajypdyr. Bedeni taplamak bolsa, kadaly iýmitlenmekden, keselleriň öňüni almagyň çärelerini durmuşa geçirmekden, immuniteti ýokarlandyrmakdan hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmakdan ybaratdyr. Fiziki işjeňligiň peselmegi adam bedeniniň kem-kemden gowşamagyna, beden agzalarynyň işjeňliginiň we myşsalaryň güýjüniň peselmegine, içki agzalaryň işiniň üýtgemegine getirýär. Hereketiň peselmegi ähli agzalaryň işjeňligini gowşadýar.

Sagdyn bolaýyn diýseň

Häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň üýtgemegi adam bedenine zyýanly täsirini ýetirýär. Şol sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň degişli barlaghanalarynda howanyň sanitar mikrobiologik we wirusologik barlaglary geçirilip, netijede, kesel dörediji wiruslaryň 100 mikrondan pes mikrodamja görnüşinde howada gaýmalap ýörýändigi we aerozollar görnüşinde has uzak wagt saklanýandygy tassyklandy. 100 mikrondan uly bölejikler bolsa çalt aşak düşüp, daş-töwerekde ornaşýar. Hünärmenleriň nygtaýşy ýaly, gaýmalap ýören kesel dörediji aerozollaryň howa-damja ýollary arkaly bedene düşmezligi üçin agyz-burun örtügini doly we dogry dakynmak wajypdyr. Ýapyk gurşawlarda, ýagny liftde ýa-da penjiresiz otaglarda adamlar agyz-burun örtükli bolsalar-da, özara gürleşilende, asgyrylanda, üsgürilende, emele gelýän aerozollar — mikrodamjalar howada birnäçe minutdan birnäçe sagada çenli saklanyp bilýär. Şeýlelikde, keseliň ýokuşmak howpuny peseltmegiň iň ygtybarly usuly elmydama, hatda adamsyz otaga girilende hem agyz-burun örtügini dakynmakdyr.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Saglyk ynsanyň iň uly baýlygydyr

Bu baýlygy aýap saklamak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek gerekdir ■ Hereketde boluň, yzygiderli sport bilen meşgullanyň!

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda saglyk ulgamyny ösdürmek boýunça hem täze maksatlaýyn işlere badalga berilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021—2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy bu işleriň yzygiderlilik häsiýetine eýediginiň aýdyň görkezijisidir. Bu ugurda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça işlere hem uly orun degişlidir. Bu ugurda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini diňe bir wagyz etmek bilen çäklenmän, adamlara goldaw bermek boýunça hem degişli işleri alyp barýarlar. Türkmenistanda ynsan saglygyna howp salýan drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýokdugyny tassyklaýan halkara derejeli resminamanyň berilmegi saglyk ulgamynyň ýokary derejededigini tassyklaýar. Türkmenistanda ýokanç däl kesellere garşy göreşmek üçin giň şertleriň döredilmegi, döwrebap saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleriniň, saglyk öýleriniň bolmagy, öňüni alyş sanjymlaryň, unuň rençlenmeginiň we nahar duzunyň ýodlaşdyrylmagynyň doly derejede döwlet tarapy

Lukman maslahat berýär

■ Bir gezeklik örtügi 2 sagatdan artyk ulanmak maslaahat berilmeýär. Otaglarda üzärlik tütediň. ■ Iş ýeriňiziň tämizligini gazanyň!

­­Bejerginiň möhüm ugry

Gidroterapiýa ýa-da suw bilen bejermek (ýagny, derýa, köl, ýagyş, suw lagymyndan gelýän) üçin sepelemek, hammamça, birden üstüňden suw guýmak, süpürmek, dolamak ýaly usullarda peýdalanylýar. Balneoterapiýa (mineral suwlar bilen bejergi) bedene gyzgynlyk, himiki we fiziki düzüm bölegi bilen täsir edýär hem-de keseliň görnüşine, derejesine görä bellenilýär. Suw bilen bejergi kabul edilende tebigy şertlerde «gyjyndyryjynyň» mukdary örän ähmiýetlidir, çünki ol suwuň we howanyň gyzgynlygyna, basyşyň derejesine, hereketiň gönügýän tarapyna we geçirilýän çäräň dowamlylygyna baglydyr. Suw bilen bejermegiň gowy taraplary bilen bir hatarda garşylyklaýyn bejerginiň täsirleriniň hem bolmagy mümkin. Şonuň üçin suw bilen bejergini başlamazdan öň, bedeniň öz aýratynlyklaryny nazara almak zerur, ýagny onuň daşky täsir ukybynyň we merkezi nerw ulgamynyň ilkibaş ýagdaýyny göz öňünde tutmaly. Suw bejergisi bellenende diňe nerw ulgamy däl, eýsem, bedende bolan patologiki ýagdaýy, hassanyň ýaşyny, jynsyny, esasan, hünärini nazara tutmaly. Sebäbi adam gowy şertlerde işleýän we emeli mikroklimatly şertde bolsa bir hili uýgunlaşma geçýär, eger-de açyk howada, gyzgyn ýa-da sowuk sehde işlese başgaça uýgunlaşýar.

Gündelik endigimize öwrülmeli kadalar

«Arassaçylyk saglygyň girewidir» diýlip bellenilişi ýaly, biziň her birimiz şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek bilen, hem özümiziň hem-de daş-töweregimizdäkileriň saglygyny gorap bileris. Daşardan gelende, nahardan öň hem-de soňra elleri sabynlap ýuwmagy endik edinmelidiris. Daşary çykylanda, agyz-burun örtügini dakynmalydyrys. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli agyz-burun örtüklerini dakynmak hem arassaçylygy gazanmagyň we saglygy goramagyň esasy şerti bolup durýar. Agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmak bilen biz ýokary dem alyş beden agzalarymyzyň nemli bardasynda üýtgeşmeleriň ýüze çykmagynyň öňüni alýarys.

Saglyk hakdaky alada

Esasy Kanunymyz — Konstitusiýamyzda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň esasy gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir...» diýlip nygtalmagyndan, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesinden ugur alnyp, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, saglyklaryny goramaklary, döwrebap dynç almaklary üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 3-nji maýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam boýunça geçiren iş maslahatynda hem il bähbitli çözgütleriň birnäçesi kabul edildi. Häzirki wagtda dünýäde koronawirus ýokanjy sebäpli dörän çylşyrymly ýagdaýlar, şeýle hem tomusky dynç alyş möwsüminiň golaýlap gelýändigi göz öňüne tutulyp, ýaş nesillerimiziň döwrebap dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede we ähli welaýatlarda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde gurlup ulanmaga berlen çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri

Gyzyl burç

Dermanydyr dümewiň,Ataý birin unaşa!Ýyly oturyp içseň, Kesel getirmez başa. Gyzyl burçuň tagamyÝiti bolýar köp zatdan.Ýoňlamany gaýladyp,Derdiň çykarar ýatdan.

Sport — saglyk

Sport we bedenterbiýe adamlarda işjeňligi, hereketjeňligi terbiýeleýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine yzygiderli eýermek adamyň ýürek-gan aýlanyş we dem alyş ýollarynyň işini kadalaşdyrýar. Bedenterbiýe maşklarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi ynsan bedenini berkidýär, umumy saglyk ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Dünýä tejribesine esaslanyp, ýürek, gan basyşynyň ýokarlanmagy, insult, süýji keseli, göwnüçökgünlik ýaly keselleriň sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanýan adamlarda seýrek duş gelýändigi barada netijä gelýärler. Şol sebäpli hem, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy kadalarynyň biridir.

Lukmanyň maslahaty

Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini dakynmak, bellenilen howpsuz aralygy saklamak we pasla görä geýinmek maslahat berilýär.

Baş baýlyk

Tagtabazar etrap hassahanasynyň Sandykgaçy geňeşliginde ýerleşýän oba saglyk merkezine tejribeli lukman Aganazar Töräýew ýolbaşçylyk edýär. Merkez boýunça 3 sany maşgala meýdançasy hereketde. Merkeziň işgärleri ilatyň saglygyny barlap, ýokanç kesellerden goranmak barada degerli maslahat berip durýarlar. Oba saglyk merkezinde arzyly käriň eýesi, çärýek asyrdan gowrak wagt bäri çaga dogruş bölüminiň göbegenesi Hatyja Ýuwşanowanyň ady hormat bilen tutulýar. Şeýle hem bu ýerde barlaghana şepagat uýasy Güljemal Bekinýazowa näsaglara degerli maslahat berip gelýär. Oba saglyk merkezinde 30 ýyla golaý bäri işläp, ilatyň alkyşyna eýe bolup gelýän diş lukmany Ýazmyrat Hakberdiýewiň hem uly hormaty bar. Ol raýatlara dişini aýawly saklamak barada degerli maslahat berýär.

Sport sagdynlygyň ýoludyr

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sport pudagyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze gurlan köp sanly häzirki zaman sport desgalary saglygy berkitmek we dikeltmek üçin bina edilen sport we sagaldyş toplumlary hem muňa mysal bolup biler. Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi döwletimiziň ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmak hakynda edýän aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Baýramaly etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde-de ýaş türgenleriň sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmekde tejribeli tälimçilerimiz türgenleşik sapaklaryny geçirýärler. Sport mekdebimizde sportuň dzýu-do, woleýbol, küşt, adaty karate, sambo görnüşleri boýunça tälimçilerimiz we türgenlerimiz türgenleşik sapaklaryny geçýärler. Biz hem türgenlerimiziň kadaly iýmitleniş düzgünlerini dogry saklamaklygy, iş başarjaňlygy ýokarlandyrmagy tälimçilerimiz we türgenlerimize ýygy-ýygydan nygtap durýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyz sport bilen meşgullanmakda ýaşlarymyz üçin görelde bolup durýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda we wagyz etmekde hormatly Prezidentimiz köp işleri durmuşa geçirýär. Mähriban Arkadagymyza Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barý