Sagdyn bolaýyn diýseň

6 Maý 2021
1181

Häzirki wagtda howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň üýtgemegi adam bedenine zyýanly täsirini ýetirýär. Şol sebäpli Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň degişli barlaghanalarynda howanyň sanitar mikrobiologik we wirusologik barlaglary geçirilip, netijede, kesel dörediji wiruslaryň 100 mikrondan pes mikrodamja görnüşinde howada gaýmalap ýörýändigi we aerozollar görnüşinde has uzak wagt saklanýandygy tassyklandy. 100 mikrondan uly bölejikler bolsa çalt aşak düşüp, daş-töwerekde ornaşýar. Hünärmenleriň nygtaýşy ýaly, gaýmalap ýören kesel dörediji aerozollaryň howa-damja ýollary arkaly bedene düşmezligi üçin agyz-burun örtügini doly we dogry dakynmak wajypdyr.

Ýapyk gurşawlarda, ýagny liftde ýa-da penjiresiz otaglarda adamlar agyz-burun örtükli bolsalar-da, özara gürleşilende, asgyrylanda, üsgürilende, emele gelýän aerozollar — mikrodamjalar howada birnäçe minutdan birnäçe sagada çenli saklanyp bilýär. Şeýlelikde, keseliň ýokuşmak howpuny peseltmegiň iň ygtybarly usuly elmydama, hatda adamsyz otaga girilende hem agyz-burun örtügini dakynmakdyr.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar