Saglyk hakdaky alada

5 Maý 2021
961

Esasy Kanunymyz — Konstitusiýamyzda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň esasy gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidir...» diýlip nygtalmagyndan, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesinden ugur alnyp, halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, saglyklaryny goramaklary, döwrebap dynç almaklary üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 3-nji maýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam boýunça geçiren iş maslahatynda hem il bähbitli çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.

Häzirki wagtda dünýäde koronawirus ýokanjy sebäpli dörän çylşyrymly ýagdaýlar, şeýle hem tomusky dynç alyş möwsüminiň golaýlap gelýändigi göz öňüne tutulyp, ýaş nesillerimiziň döwrebap dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede we ähli welaýatlarda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde gurlup ulanmaga berlen çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalary kabul etmäge doly derejede taýýarlyk işleriniň geçirilendigi barada aýdyldy. Çagalaryň kadaly dynç almaklary, iýmitlenmekleri, sport bilen meşgullanmaklary, deň-duşlary bilen wagtlaryny täsirli geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigi barada aýratyn bellenildi. Möwsümiň öň ýanynda saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan dynç alşa ugradyljak her bir çaga degişli lukmançylyk gözegçiliginden geçiriler. Çagalaryň saglygyny goramak üçin arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişine saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan yzygiderli gözegçilik işleri amala aşyrylar.

Täzegül NEPESOWA,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň metbugat bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar