Sagdynlyk — bagtyýarlyk

5 Maý 2021
1133

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda saglyk ulgamyny ösdürmek boýunça hem täze maksatlaýyn işlere badalga berilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021—2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy bu işleriň yzygiderlilik häsiýetine eýediginiň aýdyň görkezijisidir. Bu ugurda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça işlere hem uly orun degişlidir. Bu ugurda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini diňe bir wagyz etmek bilen çäklenmän, adamlara goldaw bermek boýunça hem degişli işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanda ynsan saglygyna howp salýan drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýokdugyny tassyklaýan halkara derejeli resminamanyň berilmegi saglyk ulgamynyň ýokary derejededigini tassyklaýar. Türkmenistanda ýokanç däl kesellere garşy göreşmek üçin giň şertleriň döredilmegi, döwrebap saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleriniň, saglyk öýleriniň bolmagy, öňüni alyş sanjymlaryň, unuň rençlenmeginiň we nahar duzunyň ýodlaşdyrylmagynyň doly derejede döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş, zähmet we önümçilik şertleriniň gowulandyrylmagy, adam ömrüniň ortaça dowamlylygynyň artmagy, köpçülikleýin sportuň ösdürilmegi döwlet tarapyndan ilatyň saglygy hakynda edilýän aladalaryň ýokarydygyny görkezýär.

Annamyrat ALLABERDIÝEW,
Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň müdiri, dosent.
Beýleki habarlar