Sport sagdynlygyň ýoludyr

5 Maý 2021
943

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sport pudagyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze gurlan köp sanly häzirki zaman sport desgalary saglygy berkitmek we dikeltmek üçin bina edilen sport we sagaldyş toplumlary hem muňa mysal bolup biler.

Bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi döwletimiziň ýaş nesliň saglygyny pugtalandyrmak hakynda edýän aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Baýramaly etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde-de ýaş türgenleriň sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa geçirmekde tejribeli tälimçilerimiz türgenleşik sapaklaryny geçirýärler. Sport mekdebimizde sportuň dzýu-do, woleýbol, küşt, adaty karate, sambo görnüşleri boýunça tälimçilerimiz we türgenlerimiz türgenleşik sapaklaryny geçýärler. Biz hem türgenlerimiziň kadaly iýmitleniş düzgünlerini dogry saklamaklygy, iş başarjaňlygy ýokarlandyrmagy tälimçilerimiz we türgenlerimize ýygy-ýygydan nygtap durýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan Gahryman Arkadagymyz sport bilen meşgullanmakda ýaşlarymyz üçin görelde bolup durýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda we wagyz etmekde hormatly Prezidentimiz köp işleri durmuşa geçirýär. Mähriban Arkadagymyza Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edýäris.

Beýleki habarlar