Keselleriň öňüni almakda sportuň ähmiýeti

6 Maý 2021
1374

Bedenterbiýe, sport we saglyk ynsan durmuşynda möhüm gymmatlykdyr. Şonuň üçin bedeni taplamak örän wajypdyr. Bedeni taplamak bolsa, kadaly iýmitlenmekden, keselleriň öňüni almagyň çärelerini durmuşa geçirmekden, immuniteti ýokarlandyrmakdan hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmakdan ybaratdyr.

Fiziki işjeňligiň peselmegi adam bedeniniň kem-kemden gowşamagyna, beden agzalarynyň işjeňliginiň we myşsalaryň güýjüniň peselmegine, içki agzalaryň işiniň üýtgemegine getirýär. Hereketiň peselmegi ähli agzalaryň işjeňligini gowşadýar.

Aknabat ÝAZLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 5-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar