"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Görelde sapagyny guramak

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-njy synpynda «Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy» dersi öwredilýär. Bu okuw dersinde okuwçylar dünýä ýurtlary bilen gysgaça tanyş bolýarlar. Okuwçylaryň okuwa, bilime, geografiýa ylmyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, mekdebimiziň 9-njy synpynda «Dag magdan senagaty. Metallurgiýa» diýen tema boýunça görelde sapagyny guradym. Okuw ýylynyň başynda her bir okuwça dünýäniň bir döwletine degişli maglumatlary öwrenmegi tabşyrýaryn. Okuwçylar öz öwrenýän döwletiniň sudur kartasyny taýýarlaýarlar, ony doldurýarlar, baýdagynyň, döwlet tugrasynyň, uly şäherleriniň suratlaryny, şeýle hem şol döwlet barada gyzykly maglumatlary internet ulgamyndan gazet-žurnallardan, dürli kitaplardan, okuw gollanmalaryndan toplaýarlar. Onuň üçin okuwçylar mekdep kitaphanasy, hormatly Prezidentimiziň gurduryp beren kitaphanasy bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar. Mundan başga-da, her bir sapaga Watan täzelikleri we dünýä täzelikleri barada gürrüň edip bermegi üçin ýörite iki sany okuwçyny “syýasy habarçy” hökmünde belleýärin. Soňra okuwçylardan öýe berlen “Elektroenergetika” atly temany dil üsti bilen soradym. Sapaga her bir okuwçy öz saýlap alan ýurtlary barada maglumat toplapdyrlar. Olaryň ýerine ýetirip gelen işlerini hem bahalan

Taryh dersini okatmagyň usulyýeti

Taryh dersi geçilende kitapdaky maglumatlar bilen birlikde, kartalardan, internet maglumatlaryndan, gazet-žurnallardan hem peýdalanmak mümkin. Okuw maksatnamasyna laýyklykda, bu ders boýunça taryhy ýadygärliklere, muzeýlere gezelençleri-syýahatlary guramak esasynda berilýän temalar hem bolýar. Taryh dersiniň okuw meýilnamalaryna ülkäni öwreniş sapaklarynyň girizilmegi okuwçylarda gözleri bilen görmek we tanyşmak höwesini döredýär. Ýokary synplarda ýurdumyzyň mirashanalaryna, ýadygärliklerine degişli temalar boýunça sapaklary talabalaýyk geçirmek möhümdir. Sapak boýunça gezelenji iki görnüşde guramak bolar: 1. Ýadygärliklere we mirashanalara gezelenç;2. Gaýybana gezelenç.

Daşary ýurt dillerini öwretmek

Mugallymlaryň orta mekdeplerde daşary ýurt dili sapagyny dürs hem-de sowatly guramagy we geçirmegi üçin onuň ähli aýratynlyklaryny bilmegi zerurdyr. Daşary ýurt dili sapaklaryny guranyňda, onuň esasy aýratynlygy okuwçylarda başarnyklary we endikleri kemala getirmekdir. Iňlis dili mugallymy sapaga başlanda okuwçylaryň hem şol dilde gürläp, sapaga gatnaşmaklaryny gazanmaly. Synpyň nobatçy okuwçysy mugallyma hasabat berende hem iňlisçe aýdylmagy zerurdyr, çünki çaga şol ýerde gündeki gürrüňleri aýtmak bilen, sözleýiş dilini kämilleşdirýär. Sapagyň maksadyna laýyklykda, mugallymyň okuwçylaryň öňünde belli bir wezipeleri goýmagy hökmandyr. Meselem: “Okuwçylar, şu günki sapagymyzda gyş paslyna degişli bolan goşgulary okarys we terjime ederis. Goşgulardaky bize nätanyş bolan sözleriň üstünde durup geçeris. Goşgynyň awtorynyň ömri, döredijiligi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary hem öwreneris»–diýip, mugallym iňlis dilinde okuwçylara sapagyň wezipeleri dogrusynda öňünden tanyşlyk berip biler.

Bilim biziň bagtymyz

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda her bir güni ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda bilim ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaga bolan höwesini has-da artdyrmak maksady bilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleri, onuň çäginde geçirilýän taslama bäsleşikleri hem şeýle mümkinçilikleriň aýdyň mysaly bolup durýar. Men hem bu taslama bäsleşigine matematika dersi boýunça gatnaşyp, öz gezegimde «Bilimde sanly ulgamyň ornaşdyrylýan döwründe okuwçylaryň okuw üstünliklerini bahalandyrmak üçin matematika boýunça testleri işläp düzmek» atly taslamamy hödürleýärin. Bu taslama işiniň täzeligi, sapaklarda okalýan, iş ýüzünde doly özleşdirilmedik mowzuklar boýunça matematika dersinde okuwçylaryň bilim derejesine baha bermek üçin işlenip düzülen testleri elektron goruna ýerleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle zehin bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmeginiň biz — ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdaky, bilim derejesini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti diýseň uludyr. Munuň özi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň geljegi üçin hormatly

Ýaşlar syýasaty dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak we milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmek baradaky tagallalary her ädimde aýdyňlygy bilen duýulýar. Ýagşy arzuw-umytlar bilen gadam basan Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy muňa aýdyň nyşandyr. Bu maksatnamada milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, milli däp-dussurlarymyza söýgi döretmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek, ýaşlar syýasaty boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ýaly meseleler ilkinji orunda görkezilýär. Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan güneşli Diýarymyzda bu ugurda mill

Terbiýeçilik ähmiýetli eserler

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri her bir işde bolşy ýaly, dil baýlygymyzy, milli mirasymyzy ösdürmekde hem ählimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplar ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde biziň esasy gollanmamyza öwrüldi. Çagalar bagynda körpeler bilen geçýän sapaklarymyzy, terbiýeçilik ähmiýetli çärelerimizi milli Liderimiziň ajaýyp kitaplarynyň çuňňur many-mazmunyndan ugur alyp geçýäris. Ata Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan körpe nesli döwrebap, edepli-terbiýeli edip ýetişdirmekde hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy», «Mertler Watany beýgeldýär», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplaryny aýratyn bellemek gerek. Bu kitaplardaky paýhasly jümleleri, nakyllardyr atalar sözlerini çagalara giňişleýin düşündirmek bilen, olaryň ýagşy dost tutunmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini, milli medeniýetimize sarpa goýmaklaryny, gaýduwsyz, belent adamkärçilikli bolmaklaryny ündeýäris. Biz şol eserler boýunça geçirýän bäsleşiklerimizde sahna oýunlaryny guraýarys. Çagalar milli Liderimiziň ajaýyp eserlerindäki jümleleri ýatdan aýdýarlar. Geçirýän baýramçylyk çärelerimize biz çagalaryň ene-atalaryny hem çagyrýarys. Olar öz çagalaryna berilýän döwrebap terbiýed

Geljegimiziň binýady

«Biz geljegimiz bolan ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy üçin hem ähli şertleri döredýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtap aýdýar. Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalarymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmaga, olara kämil edep-terbiýe, bilim bermäge jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde uly ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler bolsa, ilki bilen, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrüň ösen talaplarynyň derejesinde guramakdan gözbaş alýar. Öňümizde durýan belent wezipä doly düşünmek bilen, biz okuw-terbiýeçilik işlerini Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryndan hem-de taýsyz taglymatlaryndan ugur alyp guraýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan beýik ösüşler, şeýle hem agzybirlik, dost-doganlyk, bagtyýar çagalyk hakyndaky düşünjeler çagalar bagymyzda guralýan sapaklaryň, geçirilýän köpçülik çäreleriniň esasy mazmunyny kesgitleýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Döwrebap bilim berilýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ulgamda hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladasy netijesinde möhüm işler amala aşyrylýar. Şeýle şertlerden peýdalanýan halypa mugallymlar tarapyndan okatmagyň täzeçe usullary ornaşdyrylýar. Şol usullar bilen okadýan ýaş mugallymlaryň hem orny uludyr. Çünki, halypa mugallymlar degerli maslahatlary berseler, ýaş hünärmenler sanly ulgama esaslanyp, täze usullary durmuşa ornaşdyrýarlar.

Takyk dersleriň okadylyşy kämilleşdirilýär

Orta mekdeplerde ene dili, edebiýat, taryh, matematika, tebigy dersler orta bilimiň esasyny düzýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça köpugurly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bolsa, şol işleriň esasylarynyň biridir. Sanly bilimiň esasy daýanýan dersleriniň biri hem matematikadyr. Şu wezipelerden ugur alyp, 2020-nji ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmagyň Meýilnamasyny tassyklady. Mälim bolşy ýaly, tebigy we takyk ylymlaryň hataryna fizika, astronomiýa, himiýa, biologiýa, matematika, informatika ýaly ylymlar degişli edilýär. Bu ylymlaryň arasynda matematika aýratyn orun degişlidir. Belli alym N.I.Lobaçewskiniň aýdyşy ýaly: “Matematika — bu hemme takyk ylymlaryň gürleýän dilidir”. Matematika (grekçe mathema — bilim, ylym) — bu ähli ylymlaryň esasy bolup hyzmat edýär. Zerur hasaplamalary geçirmän fizikany, himiýany, biologiýany we beýleki dersleri öwrenmek asla mümkin däldir. Haýsy ylmy öwrensek hem, haýsy kärde işlesek hem matematikany bilmek zerurdyr. Matematika biziň daşky gurşawymyz: öýde-de, köçede-de matematika bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, başgaça

Okuwçylarda tebigata söýgi döretmek

Adamzadyň umumy öýi bolan daşky gurşawy, tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek her birimiziň borjumyzdyr. Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ösdürmek, kämilleşdirmek, ony nesillerimize asyl durkunda ýetirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmeginde aýdyň şöhlelenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilde gözel tebigatymyza we onuň baýlyklaryna, daşky gurşawa, ekologiýa söýgi döretmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Men hem iş tejribäme daýanyp, her bir guraýan sapagymda okuwçylarda tebigat, bizi gurşap alýan täsin dünýäniň dürli gözellikleri baradaky düşünjelerini artdyrmak maksady bilen, okatmagyň netijeli usullaryndan — oýunlardan, görkezme esbaplaryndan, gyzykly maglumatlardan peýdalanýaryn.

Täze usuly gollanma

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýatynda O.Meläýewanyň, M.Annagulyýewanyň, K.Öwelekowyň, Ş.Ýegelekowanyň awtordaşlygynda “Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň işlerini döwrebap guramagyň usullary” atly usuly gollanma çapdan çykdy. Bu usuly gollanma on üç bapdan we bölümçelerden ybarat. Kitabyň mazmuny çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň hem-de meýdançalarynyň işlerini döwrebap guramagyň usullaryna bagyşlanypdyr. Usuly gollanma ýurdumyzyň mugallymçylyk mekdepleriniň mugallymlaryna, dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň we meýdançalarynyň ýolbaşçylaryna, terbiýeçi-pedagoglaryna, tomusky tejribeliligi geçýän talyplara niýetlenilipdir. Awtorlar usuly gollanmany taýýarlamakda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň işiniň ösdürilişini, kämilleşdirilişini we olarda işleriň ýokary derejede guralyşyny esas edip alypdyrlar. Usuly gollanmanyň mazmunynda “Merkezleriň we meýdançalaryň işleriniň döwrebap guralyşy”, “Merkezleriň we meýdançalaryň görnüşleri”, “Merkezleriň we meýdançalaryň içki düzgünleri” we beýleki baplarda dynç alyş we sagaldyş merkezleriň hem-de meýdançalaryň işini döwrebap guramagyň usullaryna degişli gymmat

Dil öwretmegiň aýratynlyklary

Diliň jemgyýetçilik hyzmaty her bir raýatyň köp dilleri bilmegi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwrülen Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Dünýäniň işewürleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Häzirki zamanyň barha ösýän işewür gatnaşyklaryny daşary ýurt dillerini bilmezden amala aşyrmak mümkin däl. Şonuň üçin, daşary ýurt dillerini öwredýän hünärmenleriň öňünde birnäçe mugallymçylyk wezipeleri durýar.

Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtly körpeleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz çaga gülküleriniň belentden ýaňlanýan, aýdym-saz hem-de sport bäsleşikleriniň geçirilýän ýurdy hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Ýurdumyzyň gül-gunçalaryna deňelýän körpeleriň kalbynda ata Watana söýgi, ene topraga buýsanç alamatlaryny görmek bolýar. Eziz Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň netijesinde bagtdan paýly nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Olar özleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar. Bu günki bagtyýar körpeler — Watanyň geljekki gerçekleri, edermen ýigitleri, edepli-ekramly gyzlary. Olaryň iň kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy üçin güneşli ülkämizde dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Muňa mähriban Arkadagymyzyň: «Biz çagalaryň netijeli okamagy, göwnejaý dynç almagy we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur şertleri döredýäris» diýen sözleri hem şaýatlyk edýär.

Dil bilen dünýäni gezer

(Hekaýa) Wepa bilen Seýran jana-jan dostdular. Olaryň ikisi bir mekdepde, bir synpda okaýardylar. Her gün mekdebe bile gidip-gelýärdiler. Emma sapaklara ýetişikleri deň däldi. Wepa ökdedi, ähli sapaklardan oňat bahalar alýardy. Mydama öz öwrenenlerini deň-duşlary bilen paýlaşmaga, olara kömek etmäge höwesekdi. Esasan hem, türkmen dili, rus dili we iňlis dili sapaklaryny gowy görýärdi. Aýratynam, iňlis dilini çuňňur öwrenýärdi, onuň kadalaryny, sözlerini her gün özbaşdak okaýardy. Seýrana hem olary öwretmäge çalyşýardy. Ýöne Seýran Wepa ýaly okuwa höwesek däldi. Wagtyny kitap okap geçireninden, daşarda dostlary bilen oýnap geçirenini gowy görýärdi. Mugallymlaryň okamagyň, bilim almagyň möhümdigi baradaky maslahatlaryna kän bir gulak gabartmaýardy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijileri

Aşgabat şäheri 1. Döwletmyrat Maksadow — Aşgabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy.

Bize baky bagtyýarlyk bagyş eden, sag boluň, mähriban Arkadagymyz!

Täze ýylyň öňüsyrasynda Aýazbaba bilen Garpamygyň ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerine aýlanyp, birinji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlaryny — kompýuterleri gowşurmagy begençli wakalaryň birine öwrüldi. Biz Täze ýylyň bosagasynda baýramçylyk sowgatlaryny alan körpeleriň ýürek buýsançlaryny, köňül owazlaryny siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. Resulmuhammet HALLYÝEW,Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy:

Mekdep okuwçylarymyzyň halkara üstünligi

Gazagystan Respublikasynda 7 — 12-nji ýanwar aralygynda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Halkara ders bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylarynyň üstünlikli çykyş etmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli bilim ulgamynda başy başlanan özgertmeleriň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ders bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Awstriýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Mongoliýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdy. Ýurdumyzyň toparyna halkara derejede ukyplaryny mynasyp görkezen bäsdeşleriň 10-sy wekilçilik etdi.

Işine ussat mugallym

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşlaryň ylym-bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Dünýä ylmynyň ösüşinden, döwrüň şu günki talabyndan ugur alyp, hemmetaraplaýyn kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolsa mugallymlaryň paýyna düşýär. Taryhymyzy çuňňur öwrenip, ýaş nesliň zamanabap bilim almagy üçin yhlas edýän mugallymlaryň biri-de Dänew etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Alyşer Narkulyýewdir. Ol okuwçylaryň her bir sapagy doly özleşdirmekleri, taryhymyzy içgin öwrenmekleri üçin meýilnama boýunça okuw gezelençlerini guraýar. Okuwçylar taryhymyzy içgin öwrenmek bilen, guralýan okuw gezelençleriniň dowamynda sapakda öwredilýän maglumatlaryň üstüni doldurýarlar, adamzat gymmatlyklaryny, geçmişimiziň ýeke-täk nusgasyna öwrülen maddy ýadygärliklerimizi synlamaga mümkinçilikler alýarlar. Öwrenýän maglumatlary olaryň Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny artdyrýar.

Ylym-bilim — kämilligiň binýady

Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ähmiýet berýän bu ulgamy ähli raýatlarymyzyň ýaşaýşyna we medeniýetine dahyllydyr. Adamzat taryhynda örän uly ähmiýete eýe bolan bilim babatdaky ýörelgeleriň döwlet derejesinde ösdürilmegi guwandyryjydyr. Bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň intellektual derejesini kämilleşdirmäge we dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synpyň okuwçylaryna şahsy kompýuterleriň sowgat berilmegi, mekdep okuwçylarynyň okuw kitaplary bilen mugt üpjün edilmegi, çagalar baglarynda we orta mekdeplerde iňlis, rus, türkmen dilleriniň öwredilmegi bu ulgamyň kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Çagalar bagynda surat sapaklarynyň guralyşy

Çagalar baglarynda körpeler şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrylýar. Sungat mekdebe çenli ýaşly çagalarda döredijilik başlangyjyny ýüze çykarýar. Şol sebäpli çagalar baglarynda şekillendiriş sungaty sapaklaryny talabalaýyk guramak terbiýeçileriň esasy wezipesi bolup durýar. Çagalar baglarynda körpelere şekillendiriş sungaty öwredilende surat çekmek, şekiljikleri ýasamak, ýelimlemek ýaly sapaklaryň geçişine aýratyn üns berilýär. Bu sapaklar özara baglylygy sebäpli, milli maksatnama boýunça olar üçin umumy temalar göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, orta toparda “Ýaşyl baýdak” temasy ilki ýelimlemek sapagynda geçilýär, soňra baýdagyň şekili (ululygy, bölekleriniň gatnaşygy) baradaky düşünjeler surat sapagynda ulanylýar.