Daşary ýurt dillerini öwretmek

21 Ýanwar 2021
2061

Mugallymlaryň orta mekdeplerde daşary ýurt dili sapagyny dürs hem-de sowatly guramagy we geçirmegi üçin onuň ähli aýratynlyklaryny bilmegi zerurdyr. Daşary ýurt dili sapaklaryny guranyňda, onuň esasy aýratynlygy okuwçylarda başarnyklary we endikleri kemala getirmekdir.

Iňlis dili mugallymy sapaga başlanda okuwçylaryň hem şol dilde gürläp, sapaga gatnaşmaklaryny gazanmaly. Synpyň nobatçy okuwçysy mugallyma hasabat berende hem iňlisçe aýdylmagy zerurdyr, çünki çaga şol ýerde gündeki gürrüňleri aýtmak bilen, sözleýiş dilini kämilleşdirýär. Sapagyň maksadyna laýyklykda, mugallymyň okuwçylaryň öňünde belli bir wezipeleri goýmagy hökmandyr. Meselem: “Okuwçylar, şu günki sapagymyzda gyş paslyna degişli bolan goşgulary okarys we terjime ederis. Goşgulardaky bize nätanyş bolan sözleriň üstünde durup geçeris. Goşgynyň awtorynyň ömri, döredijiligi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlary hem öwreneris»–diýip, mugallym iňlis dilinde okuwçylara sapagyň wezipeleri dogrusynda öňünden tanyşlyk berip biler.

Adalat GARÝAGDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar