Takyk dersleriň okadylyşy kämilleşdirilýär

19 Ýanwar 2021
1695

Orta mekdeplerde ene dili, edebiýat, taryh, matematika, tebigy dersler orta bilimiň esasyny düzýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça köpugurly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bolsa, şol işleriň esasylarynyň biridir. Sanly bilimiň esasy daýanýan dersleriniň biri hem matematikadyr. Şu wezipelerden ugur alyp, 2020-nji ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmagyň Meýilnamasyny tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, tebigy we takyk ylymlaryň hataryna fizika, astronomiýa, himiýa, biologiýa, matematika, informatika ýaly ylymlar degişli edilýär. Bu ylymlaryň arasynda matematika aýratyn orun degişlidir. Belli alym N.I.Lobaçewskiniň aýdyşy ýaly: “Matematika — bu hemme takyk ylymlaryň gürleýän dilidir”. Matematika (grekçe mathema — bilim, ylym) — bu ähli ylymlaryň esasy bolup hyzmat edýär. Zerur hasaplamalary geçirmän fizikany, himiýany, biologiýany we beýleki dersleri öwrenmek asla mümkin däldir. Haýsy ylmy öwrensek hem, haýsy kärde işlesek hem matematikany bilmek zerurdyr. Matematika biziň daşky gurşawymyz: öýde-de, köçede-de matematika bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, başgaça aýdanymyzda — matematika durmuşyň özüdir. Hakykatdan hem, matematikanyň dilinde adamlar gündelik gürleýärler, sebäbi ol durmuşyň gysga, takyk we amatly ýazgysydyr. Matematika tertipliligiň we berk logikanyň özenidir. Häzirki döwürde islendik ylym ilki bilen öwrenýän hadysasynyň matematiki ýa-da kompýuter modelirlemesini ulanýar, çaklamalary we taglymatlary işläp düzýär. Diýmek, matematikanyň okadylyş usulyýeti mugallymçylyk ylmynyň esasy soraglarynyň biri bolup durýar. Matematikany okatmagyň usulyýetinde ilki bilen özara baglanyşykda bolan birnäçe soraga jogap bermeli bolýar. Birinjiden, “Matematikany öwretmegiň zerurlygy nämede?». Ikinjiden, “Matematikany näçe ýaşdan okadyp başlamaly we hökmany bilimleri bermek üçin haýsy ýaşa çenli okatmaly, mekdepden soňky matematiki bilim nähili dowam etdirilmeli?». Üçünjiden, “Öwrenilýän dersiň mazmuny nähili bolmaly?”. Bu soraga jogap bermek üçin ilki bilen “Okatmagyň maksady nämede?” diýen soraga jogap bermeli. Esasy kynçylyk “Matematika ylmynyň haýsy bölegini mekdepde öwretmeli?” diýlen sorag bolup durýar. Dördünjiden, “Dersi nähili okatmaly?”. Görnüşi ýaly, bu sorag matematikany okatmagyň usulyýetiniň iň esasy we wajyp soraglarynyň biridir.

Hemra ARAMEDOW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.
Beýleki habarlar