Görelde sapagyny guramak

21 Ýanwar 2021
1379

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-njy synpynda «Dünýäniň ykdysady we durmuş geografiýasy» dersi öwredilýär. Bu okuw dersinde okuwçylar dünýä ýurtlary bilen gysgaça tanyş bolýarlar. Okuwçylaryň okuwa, bilime, geografiýa ylmyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, mekdebimiziň 9-njy synpynda «Dag magdan senagaty. Metallurgiýa» diýen tema boýunça görelde sapagyny guradym. Okuw ýylynyň başynda her bir okuwça dünýäniň bir döwletine degişli maglumatlary öwrenmegi tabşyrýaryn. Okuwçylar öz öwrenýän döwletiniň sudur kartasyny taýýarlaýarlar, ony doldurýarlar, baýdagynyň, döwlet tugrasynyň, uly şäherleriniň suratlaryny, şeýle hem şol döwlet barada gyzykly maglumatlary internet ulgamyndan gazet-žurnallardan, dürli kitaplardan, okuw gollanmalaryndan toplaýarlar. Onuň üçin okuwçylar mekdep kitaphanasy, hormatly Prezidentimiziň gurduryp beren kitaphanasy bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar.

Mundan başga-da, her bir sapaga Watan täzelikleri we dünýä täzelikleri barada gürrüň edip bermegi üçin ýörite iki sany okuwçyny “syýasy habarçy” hökmünde belleýärin. Soňra okuwçylardan öýe berlen “Elektroenergetika” atly temany dil üsti bilen soradym. Sapaga her bir okuwçy öz saýlap alan ýurtlary barada maglumat toplapdyrlar. Olaryň ýerine ýetirip gelen işlerini hem bahalandyrdym.

Nurlybaý KARAÝEW,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar