"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Halkara bäsleşigiň ýeňijisi

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan medeni gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Medeniýet we sungat işgärleri daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarlar. Şu ýylyň sentýabr aýynda Özbegistan Respublikasynyň Riştan şäherinde küýzegärçilik senediniň halkara forumy, Kokant şäherinde bolsa amaly-haşam sungatynyň I halkara festiwaly geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, «Hünärment» birleşigi we Fergana şäheriniň häkimligi bilen bilelikde guralan çäre 30-dan gowrak ýurtdan gelen 60-a golaý senetçini hem-de halk sungatynyň ussatlaryny, hünärmenleri, alymlary we ýerli senetçileri bir ýere jemledi. Çärä ýurdumyzdan amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň 7-si gatnaşdy. Halkara forumyň çäklerinde «tegelek stoluň başyndaky» söhbetdeşlikler, ylmy-amaly maslahatlar, pikir alyşmalar, hünär mekdepleriniň işleriniň tanyşdyrylyşy, gelin-gyzlaryň we çagalaryň toý lybaslarynyň täze nysaklarynyň görkezilişi, el işleriniň sergisi, halk aýdymlarynyň konsertleri we bäsleşikler geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Germaniýanyň işewür toparlaryny ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga çagyrdy. «Biz Germaniýanyň işewür toparlaryny Türkmenistanda döwrebap ulag infrastrukturalaryny we kommunikasiýalaryny gurmak boýunça taslamalara özleriniň gatnaşmak mümkinçiliklerini öwrenmäge çagyrýarys» – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenistanda “Aurus” kysymly ulaglar ulanylyp bilner

Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanda “Aurus” kysymly awtoulaglaryň peýda bolup biljekdigini mälim etdi. “Bu ýerde biziň awtoulag kompaniýalarymyz tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar ulgamy örän möhümdir. “Aurus” we beýleki modelli awtoulaglaryň bu ýerde peýda bolup biljegi ikuçsuzdyr” diýip, Rustam Minnihanow nygtady.

“Türkmenpoçta” ýük ugratmak hyzmatynyň gerimini giňeldýär

Az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar. Ýüki demir ýol menziline özüň baryp ýa-da ýüki alyp gitmäge çapar çagyryp hem iberip bolýar. Ýüküň ugradylýan ýerinde poçta kärhananyň işgärleri islendik görnüşli, hala gurluşyk serişdeleri, mebel, iri hojalyk tehnikasy ýa başga ýükler bolsun, ýüklemek we düşürmek işinde ýardam bererler.

Berlin duşuşygy: köpugurly hyzmatdaşlyk köprülerini pugtalandyryp

Germaniýanyň paýtagtyna «Köprüleriň şäheri» hem diýýärler. Baý tebigaty, dury suwly kölleri, gat-gat ýollary bolan, gatnawy-gyzgalaňy ýetik şäherde köprüleriň sanardan känligindendir bu, elbetde... 28-29-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyna sapardaş bolmak miýesser edip, Berlin şäherinde gatnaşan, gözli şaýat bolan wakalarymyz bolsa Aziýanyň ýüreginden Ýewropanyň ýüregine uzaýan oňyn hyzmatdaşlyk köprüleriniň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde ýadymyzda hemişelik galdy. Saparyň hem sebitara derejede, hem ikitaraplaýyn görnüşde duşuşyklara baý bolandygyny, anyk çözgütdir netijelerden, pikir alyşmalardan «ýüküni tutandygyny» turuwbaşdan nygtamalydyrys.

Berliniň binagärlik keşbi

TÄSINLIKLERE BAÝ PAÝTAGT Germaniýanyň paýtagty Berlin orta asyr we häzirki zaman binagärliginiň ajaýyp eserleriniň sazlaşygyny özünde jemleýän arassa hem-de owadan şäherdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde milli wekiliýetimiziň düzüminde Ýewropanyň ykdysady taýdan iň kuwwatly döwletiniň baş şäheri bilen ýakyndan tanyşmak bize-de miýesser etdi. Alys ýurda sapar-syýahatdan galan täsirleri paýlaşmak jahankeşdeleriň asylly däbi bolansoň, bizem nemes paýtagty baradaky gyzykly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimi Ali Mohammad Zanganeniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga gelen wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen EYR-yň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtap geçdiler.

Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Aşgabada geldi

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa bilen duşuşdy.  Duşuşygyň başynda gullugyň başlygy mähirli garşylap, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak barada çakylygy kabul edip gelendigi üçin, hormatly myhmana minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde jenap Kunio Mikuriýa gullugyň başlygyny we ähli şahsy düzümi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi kesgitlenildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy Berlin — Aşgabat, 29-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri bilen duşuşygy

Berlin, 29-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Germaniýanyň Federal Hökümetiniň Baştutany belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mübärekläp, ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Bu gatnaşyklar häzirki günde has netijeli häsiýete eýe bolýar. Federal Kansler Olaf Şols hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa salamyny we iň gowy arzuwyny beýan edip, german-türkmen hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçilikleriniň we uly kuwwatynyň bardygyny belledi hem-de öz ýurdunyň bu hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmen-german işewürlik maslahaty: ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary anyklaşdyryldy

Berlin, 29-njy sentýabr (TDH). Şu gün GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda geçirilýän işewürlik duşuşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, Türkmenistanyň maýa goýum kuwwatyny açyp görkezmek üçin meýdança bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek. Daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin bolsa şeýle duşuşyklar özleriniň geljegi uly taslamalaryny tanyşdyrmagy babatda oňat mümkinçilikdir. Däbe öwrülen şeýle forumlar dürli pudaklara maýa goýumlaryň gelýän möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu forumlarda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ýollarydyr gurallary kesgitlenilýär.

Hazar kenaryndaky mediaforum halklary has-da ýakynlaşdyrýar

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde VIII Hazar mediaforumy geçirildi. Astrahan oblastynyň gubernatorynyň administrasiýasynyň guramagynda ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen döredijilik çäresine Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Foruma synçy hökmünde Belarusdan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Hindistandan (wideoaragatnaşyk arkaly) hem bilermenleriň gatnaşmaklary bolsa onuň sebitiň daşynda-da uly meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň, RF-niň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar hem-de Daşary işler ministrlikleriniň goldamagynda guralan nobatdaky mediaforum «Jemgyýetçilik diplomatiýasy we sosial media halklary ýakynlaşdyrmagyň şerti hökmünde» mowzugyna bagyşlandy. Çärä gatnaşan tejribeli žurnalistlerdir ýaş hünärmenler bu meýdançanyň çäginde maglumat hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri boýunça pikir alyşmaga hem-de birek-birek bilen gyzyklanma bildirilýän göni dialogy ýola goýmaga mümkinçilik aldylar. Forumyň plenar mejlisinde çykyş eden wekiller jemgyýetiň durmuşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny barada öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Bölü

«Açyk gapylar» syýasatyndan ugur alyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara gatnaşyklar ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» daşary syýasaty dünýä döwletleri, şol sanda iri halkara guramalar, kompaniýalar bilen gatnaşyklary hoşniýetli esasda ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we Astrahan oblasty bilen Türkmenistany dürli ugurlar boýunça ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Duşuşygyň dowamynda özara haryt dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda umumy maksatlaryň bardygy aýdyldy.

Türkmenistan — Germaniýa: köpýyllyk hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiziň Ýewropa Bileleşiginde esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Germaniýa bilen ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Çünki ýurtlaryň ikisi hem hyzmatdaşlygyň köp taraplary babatda uly kuwwata eýe bolup, bar bolan kuwwatlyklar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek, geljegi uly täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Muny 28-29-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş sapary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hususy düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda türkmen-ge

Ösüşlere tarap

Halkara ýük daşalyşy amala aşyrylanda dürli döwletleriň çäklerinden geçmek zerurlygy ýüze çykýar. Ulag-logistikasy amala aşyrylanda ulag görnüşleriniň we amatly ugruň dogry saýlanyp alynmagy, ýükleriň alyja öz wagtynda çalt we arzan gowşurylmagyna täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag logistikasy — ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän, ykdysady pudaklary baglanyşdyrýan düşünjedir. Ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny ösdürmegiň ylmy ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin gümrük seljermelerine seredeniňde, ol şu maksatlardan, ýagny beýleki ýurtlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmekden, harytlary logistika merkeziniň ammarlarynyň ýanynda ýerleşdirmekden, ulag çykdajylaryny tygşytlamakdan we paýlamak çykdajylaryny azaltmakdan, eksport ýükleriniň köp bolmagyny gazanmakdan hem-de harytlaryň we hyzmatlaryň hiliniň halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmekden ugur alýar.

Aşgabat-Türkmenabat awtobany Özbegistan bilen ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegine ýardam eder

Gurluşygy dowam edýän Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Özbegistan bilen ulag aragatnaşygyny ösdürmäge uly mümkinçilikleri açar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň duşenbe güni “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda habar berildi. Mälim bolşy ýaly, 600 kilometrlik awtomobil ýolunyň gurulmagy ýurduň ýol-ulag düzüminiň geçirijilik mümkinçiliklerini gowulandyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Ol logistika hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrar we hilini ýokarlandyrar, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden geçirilýän ýükleriň möçberlerini artdyrmak we ýük geçirilişini tizleşdirmek üçin amatly şertleri döreder.

Türkmenistan Hytaýa uzaýan täze demir ýol taslamasyna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ulag gatnaşyklarynyň ösüşine täze itergi berjek Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýol taslamasynyň gurluşygyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinentiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew 25-26-njy sentýabrda Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň ulag ministrleriniň birinji duşuşygyndaky çykyşynda mälim etdi. Baş direktoryň orunbasary şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Merkezi Aziýa sebitini möhüm ulag-üstaşyr merkeze öwürmäge, bu sebit arkaly Hytaý bilen Ýewropanyň we aýlag ýurtlarynyň arasynda ýükleri daşamaga hem-de söwdany ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinentiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi habar berýär.

Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli iki sany optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda aýdylýar. Makalada bellenilişi ýaly, bar bolan aragatnaşyk ulgamlary gowulandyrmak we täze halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek meýilleşdirilýär. Mämmethan Çakyýewiň makalasynda bu ulgamyň Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesi bilen Gazagystanyň Temir-baba şäherçesiniň arasynda, şeýle hem Balkanda ýerleşýän Etrek etraby bilen Eýranyň Kummet-Kowus şäheriniň arasynda çekiljekdigi bellenilýär.

Myhmansöýerligiň merkezi

26-njy sentýabrda Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy. Şol gün hormatly myhman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherine hem geldi. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde belent mertebeli myhmana ahalteke bedewleriniň çykyşlary görkezildi. Soňra myhman şäheriň çäginde gurlan kottejler toplumyna baryp gördi.

Doganlaryň Duşenbe duşuşyklary

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Duşenbede anna güni geçirilen sammit hem ýokary derejede boldy. Milli kitaphananyň binasynda gurnalan media merkezinde doganlyk halklaryň žurnalistleri uly ekranyň başyna geçdiler.