Berlin duşuşygy: köpugurly hyzmatdaşlyk köprülerini pugtalandyryp

2 Oktýabr 2023
425

Germaniýanyň paýtagtyna «Köprüleriň şäheri» hem diýýärler. Baý tebigaty, dury suwly kölleri, gat-gat ýollary bolan, gatnawy-gyzgalaňy ýetik şäherde köprüleriň sanardan känligindendir bu, elbetde...

28-29-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyna sapardaş bolmak miýesser edip, Berlin şäherinde gatnaşan, gözli şaýat bolan wakalarymyz bolsa Aziýanyň ýüreginden Ýewropanyň ýüregine uzaýan oňyn hyzmatdaşlyk köprüleriniň pugtalandyrylmagynyň nyşany hökmünde ýadymyzda hemişelik galdy. Saparyň hem sebitara derejede, hem ikitaraplaýyn görnüşde duşuşyklara baý bolandygyny, anyk çözgütdir netijelerden, pikir alyşmalardan «ýüküni tutandygyny» turuwbaşdan nygtamalydyrys.

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Berlin — Aşgabat.
Beýleki habarlar