Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Aşgabada geldi

1 Oktýabr 2023
418

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa bilen duşuşdy.

 Duşuşygyň başynda gullugyň başlygy mähirli garşylap, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak barada çakylygy kabul edip gelendigi üçin, hormatly myhmana minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde jenap Kunio Mikuriýa gullugyň başlygyny we ähli şahsy düzümi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Çeşme: www.customs.gov.tm
Beýleki habarlar