Halkara bäsleşigiň ýeňijisi

2 Oktýabr 2023
404

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan medeni gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Medeniýet we sungat işgärleri daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarlar. Şu ýylyň sentýabr aýynda Özbegistan Respublikasynyň Riştan şäherinde küýzegärçilik senediniň halkara forumy, Kokant şäherinde bolsa amaly-haşam sungatynyň I halkara festiwaly geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, «Hünärment» birleşigi we Fergana şäheriniň häkimligi bilen bilelikde guralan çäre 30-dan gowrak ýurtdan gelen 60-a golaý senetçini hem-de halk sungatynyň ussatlaryny, hünärmenleri, alymlary we ýerli senetçileri bir ýere jemledi. Çärä ýurdumyzdan amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň 7-si gatnaşdy.

Halkara forumyň çäklerinde «tegelek stoluň başyndaky» söhbetdeşlikler, ylmy-amaly maslahatlar, pikir alyşmalar, hünär mekdepleriniň işleriniň tanyşdyrylyşy, gelin-gyzlaryň we çagalaryň toý lybaslarynyň täze nysaklarynyň görkezilişi, el işleriniň sergisi, halk aýdymlarynyň konsertleri we bäsleşikler geçirildi.

Mahym ROZYÝEWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar