"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Işewür gatnaşyklar okgunly ösdürilýär

Dünýä döwletleri we halkara derejeli iri kompaniýalar bilen strategik, uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 25-nji iýunda döwlet Baştutanymyz we Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklaryny saklamagyň, amatly söwda şertleriniň döredilmeginiň, özara forumlaryň we maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Ýangyç-energetika toplumy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Emirlikleriň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri halkara energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyryp, maýa goýum mümkinçilik

Işewürlik maslahaty geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Türkmen wekiliýeti “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 26 – 30-njy iýunynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçirilýän “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çarşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem girýär.

Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolow sişenbe güni Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasynda üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Bakhtar News” agentliginiň habar bermegine görä, türkmen diplomaty harytly ýük awtoulaglarynyň her günde 120-siniň Turgundy serhetýaka barlag-geçiriş nokadyndan geçirilmegini üpjün etmäge Türkmenistanyň taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynda abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, şanly wakanyň — okgunly ösýän Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülen “akylly” şäheriň açylmagynyň bir ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip görmäge örän şatdygyny nygtady.

Işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirip

25-nji iýun­da paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ri­len «Türk­me­nis­tan — Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri» işe­wür­lik mas­la­ha­ty iki ýur­duň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum we işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­di. Fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne yk­dy­sa­dy­ýet, ma­ýa go­ýum, se­na­gat pu­dak­la­ryn­da, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ul­ga­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Oňa iki dost­luk­ly ýur­duň döw­let we işe­wür dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, öň­de­ba­ry­jy hü­när­men­le­ri gat­naş­dy­lar. Hä­zir­ki wagt­da Ýa­kyn Gün­do­gar­da yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly we ok­gun­ly ös­ýän döw­let­le­riň bi­ri hök­mün­de yk­rar edi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Soň­ky ýyl­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­dä­

Halklary ýakynlaşdyrýan gymmatlyklar

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­de «Halk­la­ry bir­leş­dir­ýän ta­ry­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­lar» ady bi­len gu­ra­lan mas­la­hat Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len bu çä­rä Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Eý­ra­nyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry, ÝU­NES­KO-nyň Al­ma­ty­da­ky se­bit­le­ýin eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry, ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň jo­gap­kär sek­re­ta­ry gat­naş­dy­lar.

Kuzbassyň kömür ýükli iki otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ýollanyldy

Ilkinji gezek Kuzbassyň kömür ýüklenen iki otlusy «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Hindistana iberildi.   Kemerowo sebitinden ýola düşen otlular Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Eýranyň Bender-Abbas portuna çenli baryp ýetdi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Taýlandda halkara maslahatyna gatnaşdylar

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Taýland Patyşalygynyň Pattaýa şäherinde geçirilen Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinde awtonom gämiçilik bilermеneler toparynyň maslahatyna gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar awtonom gämiçilik pudagynyň ösmeginde ýüze çykýan  meselelere seredip, bu babatynda tejribeler alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar dürli ýurtlaryndan gatnaşyjylar halkara konwensiýalaryň talaplaryny ýerine ýetirmekde, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almakda özleriniň işleri we tejribeleri bilen tanyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bilelikdäki tagallalar arkaly ýyldan-ýyla anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmenistan — ÝUNESKO: medeni hyzmatdaşlygy ilerletmegiň nusgasy

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, mähriban pederlerimizden miras galan milli medeniýetimizi sarpalap, geljekki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup öňe çykýar. Şu hakykata ünsi çekmekde ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralary wajyp ähmiýete eýedir. Özboluşly gözelligi bilen bütin dünýäde meşhurlyga eýe taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda Milli Liderimiziň başyny başlan medeni diplomatiýasy esasynda ummasyz işler durmuşa geçirildi. Bu asylly ýörelgeleri ýokary derejede dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen soňky iki ýyldan gowrak wagtyň içinde ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy täze ugurly ösüşlere eýe boldy. Bu babatda geçen, 2023-nji ýyl aýratyn buýsandyryjy seneleriň birine öwrüldi.

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty

25-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Türkmenistanda Orta geçelgäni diwersifikasiýa etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

«Azerbaýjanyň demir ýollarynyň» (ADÝ) başlygy Rowşan Rustamow Aşgabada iş saparynyň barşynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow we «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda demirýol ulaglary pudagyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, Merkezi Aziýa — Ýewropa we Hytaý — Ýewropa ugurlarynda multimodal ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda demirýol ulaglary pudagyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we ýük dolanyşygynyň ýokarlanmagy boýunça meselelere jikme-jik seredildi.

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy kökleriň umumylygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministrini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň — Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.