Türkmenistan — ÝUNESKO: medeni hyzmatdaşlygy ilerletmegiň nusgasy

27 Iýun 2024
52

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, mähriban pederlerimizden miras galan milli medeniýetimizi sarpalap, geljekki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup öňe çykýar. Şu hakykata ünsi çekmekde ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralary wajyp ähmiýete eýedir.

Özboluşly gözelligi bilen bütin dünýäde meşhurlyga eýe taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda Milli Liderimiziň başyny başlan medeni diplomatiýasy esasynda ummasyz işler durmuşa geçirildi. Bu asylly ýörelgeleri ýokary derejede dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen soňky iki ýyldan gowrak wagtyň içinde ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy täze ugurly ösüşlere eýe boldy. Bu babatda geçen, 2023-nji ýyl aýratyn buýsandyryjy seneleriň birine öwrüldi.

Çynar RUSTEMOWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany.
Beýleki habarlar