Işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirip

27 Iýun 2024
26

25-nji iýun­da paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ri­len «Türk­me­nis­tan — Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri» işe­wür­lik mas­la­ha­ty iki ýur­duň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum we işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­di. Fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne yk­dy­sa­dy­ýet, ma­ýa go­ýum, se­na­gat pu­dak­la­ryn­da, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ul­ga­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Oňa iki dost­luk­ly ýur­duň döw­let we işe­wür dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, öň­de­ba­ry­jy hü­när­men­le­ri gat­naş­dy­lar.

Hä­zir­ki wagt­da Ýa­kyn Gün­do­gar­da yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly we ok­gun­ly ös­ýän döw­let­le­riň bi­ri hök­mün­de yk­rar edi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Soň­ky ýyl­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­dä­ki, il­kin­ji no­bat­da, iri we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň top­la­nan baý tej­ri­be­si mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Beýleki habarlar